Türkmenistan we Belarus ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bilim gatnaşyklaryny berkidýär

Türkmenistan we Belarus ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bilim gatnaşyklaryny berkidýär

31-nji oktýabr - 1-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň we Belarus respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda onlaýn maslahat geçirildi. Çäre Minsk döwlet lingwistik uniwersitetiniň “Dilleri öwrenmek arkaly parahatçylyk we raýdaşlyk we raýat bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň ýüz tutmagy esasynda gurnaldy.

Maslahata Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýanynda hereket edýän "Dünýä dilleri" ÝUNESKO klubynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we birnäçe möhüm ylalaşyklara geldiler.

Bu çäre ýakynda türkmen wekilýetiniň Minske eden saparynyň ilkinji amaly netijesi boldy. Saparda ÝUNESKO-nyň maksatnamalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esaslary goýuldy. Bu başlangyç Türkmenistanyň halkara bilim gatnaşyklaryny giňeltmäge we BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge bolan gyzyklanmany görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi
Türkmenistanda Filologiýanyň meseleleri žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy
20-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär
HHR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy kitap sowgat berdi
BAGTYÝAR NESILLER-ÝURDUŇ GELJEGI