Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Belarus Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi Dmitriý Krutoýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurtda söwda öýleriniň işi, Merkezi Aziýadaky ykdysady hyzmatdaşlyk, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi barada hem pikir alşyldy diýip, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.

ilçiler Türkmenistan bilen Belarus arasynda dürli derejelerde, şol sanda GDA ýurtlarynda geçiriljek mejlisleriň tertibini hem maslahatlaşdylar. Belarus uniwersitetlerine türkmen talyplaryny kabul etmek meselelerine-de aýratyn üns berildi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI SLOWENIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ilçisi Leningradyň gabawynyň doly syndyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy