2018-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Belarus we Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda şanly senäni iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny belleýärler. Geçen çärýek asyr wagtda biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mäkäm we hemmetaraplaýyn ulgamyny gurdylar. Türkmernistan Belarus üçin Merkezi Aziýada ygtybarly dosta we startegik hyzmatdaşa öwrüldi,biz gatnaşyklarymyzyň ýeten derejesine ýokary baha berýäris.
Ozaly bilen, dostlukly iki döwletiň Prezidentleri üstünlikli özara herekettiň ygtybarly binýadyny döredýärler.Soňky 10 ýylda döwletlerimiziň baştutanlary—Aleksandr Grigorýewiç Lukaşenkonyň we Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň her ýylky özara resmi saparlary üýtygewsiz däbe öwrüldi.
Hut Belarusyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň tagallasy bilen ikitaraplaýyn ugurda-da, halkara meýdançalarynda-da hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikler açyldy. Şu ýyllarda ýurtlarymyzň arasynda netijeli hökümetara, parlamentara we pudagara özara hereket ýola goýuldy, bu bolsa ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Syýasat babatda Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklara nusga alarlyk diýýärler, biz muňa guwanýarys.Biziň ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleriniň ählisi boýunça umumy ýörelgelerden ugur alýarlar we birek-biregi goldaýarlar.
Dünýä we sebit meseleleriniň giň toplumyny çözmäge garaýyşlarymyz deň gelýär.Belarus hem edil Türkmenistan ýaly, islendik çylşyrymly meseleleri we halkara gapma-garşylyklaryny parahatçylykly ýol bilen çözmekden ugur alyp, halkara hyzmatdaşlarynyň ählisine sarpa goýýar we deňhukukly özara gatnaşyklara ygrarlydyr.
Biziň ýurtlarymyz wajyp dünýä meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm ähmiýetini berkitmegiň zerurlygyndan ugur alýarlar.BMG bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyk Belarus Respublikasynyň hem, Türkmenistanyň hem daşary syýasatynyň startegik ugry boldy.
Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde bizi yzygiderli goldap durýanlygyna minnetdarlyk bildirip, biz hem dostlukly ýurduň garaýyşlaryna düşünip, halkara derejesinde Türkmenistanyň köpsanly döredijikli başlangyçlaryny goldaýarys.Belarus Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň fewralynda kabul eden “Halkara bitaraplyk güni” Kararnamasynyň ilkinji awtordaşy bolup, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat ýörelgeleriniň umumylygyny dünýä bileleşigine ýene bir gezek görkezdi.
ÝeHHG parahatçykygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň we ählumumy möçberde umumy wehimlere garşy göreşiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Biziň ýurdumyz Belarus Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Merkezi Aziýa boýunça ÝeHHG-niň sebit merkeziniň Baştutany wezipesine dalaşgärliginiň goldanylandygyna minnetdardyr. Biz bu halkara guramasynyň ÝeHHG ýurtlarynyň öňünde duran uly möçberli maksatnamasyna ýetmekde Türkmenistanyň we Belarusyň has ygtybarly hyzmatdaşy boljakdygyna ynanýarys.
Belarus Respublikasynyň Türkmenistanbdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde hem biziň ýurtlarymyzyň oňyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge we giňeltmäge aýgytly ymtylýandygyny nygtamak uisleýärin.
Ynsanperwer gatnaşyklary biziň ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygynyň kuwwatly guraly bolup, ol iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.Biz medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda has işjeň gatnaşyklary ýola goýduk.
Biz tükmenleriň belarus medeniýet işgärleriniň döredijiligine we umuman biziň ýurdumyz bilen ýakyndan gyzyklanýandygyna guwanýarys.Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şanly senesi mynasybetli şu ýylyň ýanwar aýynyň 24-inden 26-sy aralyglygnda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, şeýle hem Belarus kinosynyň güni we Belarus şygyrýetiniň güni geçiriler. Öz gezeginde, bizde hem, şol sanda köpsanly döredijilik gözden geçirişleriniň çäklerinde Belarusda türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Biziň ýurtlarymyzyň bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamakda has işjeň amala aşyrylýar.Häzirki wagtda Belarusyň okuw mekdeplerinde türkmen raýatlarynyň 8,5 müňüsi bilim alýarlar.
Bu bolsa, daşary ýurtly talyplaryň arasynda iň köpsanlysydyr.Belarusda bilim ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan netijä ýokary baha berilýär we ony mundan beýlägem ösdürmäge gyzyklanylýar. Çünki ýaşlarymyzyň aňyna şu gün ornaşan dostluk däpleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýlägem ösdürmegiň dowam etdiriljekldiginiň girewidir.
Soňky döwürde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygymyz hem işjeň ösdürilýär. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçiirlmegi biziň döwletlerimiziň özara hereketine has-da güýçli itergi berdi. Belarusda 2019-njy ýylda II Ýewropa oýunlarynyň we 2021-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň öňýanynda sport ulgamynda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçiligini has-da ýokarlanýar.
Biziň ýurtlarymyzyň syýasy we ynsanperwer ulgamlardaky ýakyn özara gatnaşyklary taraplaryň ikisine-de peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary netijeli ösdürmäge hem ýardam edýär.Biziň döwletlerimiziň baştutanlarynyň çözgüdi bilen Minskide we Aşgabatda Söwda öýleri açyldy, olar belorus we türkmen alyjylarynyň arasynda meşhurdyr.
Biziň özara söwda gatnaşyklarymyz ýylsaýyn sazlaşykly ösdürilýär.Belarusly sarp edijiler arassa pagtadan taýýarlanan türkmen dokma önümlerine, el halylaryna, ter we kakadylan miwelere hem-de beýleki önümlere ýokary baha berýärler. Öz gezeginde, Türkmenistanda beloruslaryň süýt, et we süýji-köke önümleri, şeýle hem MAZ kysymly awtomobilleri, MTZ kysymly traktorlary, liftleri, tigirleri, agaç mebelleri we işikleri, şeýle hem başga-da ençeme beýleki harytlary gowy tanalýar.
Kaliý dökünlerini öndürmek boýunca Merkezi Azivada iň iri senagat läheňi bolan Garlyk dag-magdan kombinatynyň gurluşygy belorus-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda bilelikdäki uly möçberli ykdysady taslamalaryň biri boldy, iki ýurduň Prezidentleri 2017-nji ýylyň 31-nji martynda onuň açylyş dabarasyna gatnaşypdylar.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Belorus-Türkmen hökümetara topary wajyp ähmiýete eýedir, 2017-nji ýylda Minskide onuň eýýäm 8-nji mejlisi geçirildi.Hatda häzirki wagtda dowam edýän dünýä ykdysady kynçylyklara we özara söwdanyň möçberiniň birneme peselmegine garamazdan, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, özara peýdaly täze taslamalary durmuşa geçirmäge netijeli özara hereketi güýçlendirmek üçin heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriň kändigini bellemek gerk..
Sözümiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda 2016-njy ýylda Minskide we 2017-nji ýylda Aşgabatda iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň täze binalarynyň dabaraly açylyşynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykanlygyna we Belarus bilen Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigine şaýatlyk edýänligini belläsim gelýär.