2019-njy ýylyň 23-28-nji fewraly aralygynda Bahreýn Patyşalygynyň “Gulf Petrochemical Industries Company” (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş sapar bilen bolýar.
Saparyň çäklerinde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle-de nebit-gaz we himiýa toplumlaryna gözegçilik edýän ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, “gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandaky käbir bilelikdäki nebit-gaz hem-de gaz-himiýa taslamalary, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň ösüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy”. Bilelikdäki utgaşdyryjy işçi toparyň döredilmegi meselä hem garaldy.