Türkmenistan we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistan we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew sişenbe güni Fransiýanyň “Airbus” kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Žak Garrigeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar kosmos ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Airbus” kompaniýasy Türkmenistana Ýeriň üstüne uzak aralykdan gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek hyzmatyny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Airbus” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki halkara giňişliginde, şol sanda iň iri kompaniýalar tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistanda kosmos ulgamynyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Airbus” kompaniýasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň kosmos ulgamyny ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak islegini tassyklady.

1970-nji ýylda esaslandyrylan “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Blanýak şäherinde ýerleşip, ol dünýädäki iň uly uçar öndürijileriň biri bolup durýar. Kompaniýa ýolagçy, ýük we harby ulag uçarlaryny öndürýär.

Ýene degişli makalalar

Airbus kompaniýasynyň wekilleri bilen kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ýewropa kosmosa dolandy
"Airbus 330-200P2F” uçary Italiýa we Hytaýa ýük gatnawyny ýola goýar
Ulag-logistika hyzmatlary kämilleşdirilýär
Aşgabatda Türki medeniýetiň hepdeligine badalga berildi, Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy bilen tanyşdylar, Türkmenistana ermenistanly teležurnalistler çagyryldy we beýleki habarlar
Fransiýada arassa howa taksileri ulanylar