Türkmenistan we ADNOC gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we ADNOC gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Galkynyş gaz käniniň özleşdirilmegi we Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ADNOC kompaniýasynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere degilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC halkara kadalaryna we gaz pudagynda işleri alyp barmagyň tejribesine laýyklykda, Türkmengaz döwlet konserni bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen we emirlikler taraplary özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak hem-de durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly aýry-aýry ykdysady we tehnologiki jähtlere garamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-de birnäçe duşuşyklary geçirdi
“Türkmengaz” we ADNOC hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar
07.06.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy