Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belleýär, “Bellingcat” gizlin ýarag söwdasyny derňeýär

Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belleýär, “Bellingcat” gizlin ýarag söwdasyny derňeýär

Türkmenistan Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygyny we Watan goragçylarynyň gününi belleýär, döwlet eýeçiligindäki metbugatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk gutlagy çap edildi. “Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr” diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Türkmen harbylarynyň bu gezekki baýramçylygy resmi Aşgabadyň Italiýa bilen edýän ýarag söwdasy barada çap edilen uly göwrümli hasabatyň bir gün soňuna gabat geldi.Bu hasabatda türkmen telewideniýesiniň türkmen goşunynyň soňky ýyllarda eýe bolan ýaraglary, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby ussatlyklary barada taýýarlan telesužetlerinden alnan suratlar hem ulanylypdyr. “Bellingcat” açyk-çeşme derňew saýtynyň 26-njy vanwarda cap eden hasabaty “Turkmenistan (#ItalianArms): Diktator, Millionlarça ýewro we italiýan býrokratiýasy” diýlip atlandyrylýar.

Hasabatyň başynda ozaly Türkmenistanyň dünýädäki iň bir ýapyk we repressiw ýurtlaryň biridigi, prezidentiň we onuň ýakynlarynyň ýurtdaky jemgyýetçilik durmuşyny doly kontrollykda saklaýandygy, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň bolsa, içerki repressiýa bilen tanalýan ýurtlara ýarag satmazlyk borçnamalarynyň bardygy bellenilýär.

Emma muňa garamazdan, “Bellingcat” derňew saýty Türkmenistanyň 2007-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda tas 340 million ýewro durýan ýaraglary satyn alandygyny habar berýär. Ýewropa Bileleşiginiň ýyllyk hasabatlaryna salgylanyp berilýän maglumata görä, resmi Aşgabat bu ýaraglaryň aglabasyny Italiýadan satyn alypdyr we olara 257 million ýewro pul töläpdir.

Bu ýagdaý Italiýany Türkmenistanyň şu wagta çenli bolan iň uly ýarag üpjünçisine öwürýär.Hasabatyň awtorlary "Berdimuhamedow Italiýadan 257 million ýewro berip, nähili ýaraglary satyn aldy?" diýip soraýarlar we bu soraga jogap bermegiň aňsat däldigini belleýärler.

Munuň sebäbi Italiýanyň Türkmenistana satýan ýaraglary babatda öz boýun alan açyk-aýdyňlyk borçlaryny ýerine ýetirmezligi bilen bagly. Şol bir wagtda, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýurdy öz ýarag eksportynyň haýsy ýaraglary öz içine alýandygyny aýdýar, emma Italiýa Türkmenistana satan ýaraglary babatda beýle açyklykdan ýüz öwürýär diýip, hasabatda aýdylýar.

Türkmen mediasy ýurduň ýaragly güýçleri üçin satyn alynýan ýaraglar, prezident Berdimuhamedowyň oalry elin synagdan geçirişi hakynda umumy maglumat bermek bilen çäklenýär we olaryň türkmen gaznasyna näçe serişdä düşýändigini aýtmaýar.

Türkmen goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça, 2017-nji ýylda hökümet çalşaly bäri, uly işleriň edilendigi, şol sanda harby gullukçylary oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmekde hem uly tagalla edilýändigi habar berilýär.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, “Türkmenistan - rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryndan 538 öýüň Watan goragçylaryna berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär”.Emma muňa garamazdan, geçen ýyl esgerleriň gowaça meýdanlaryna sürlüp, pagta ýygmaga mejbur edilendigi, şonuň bilen wagtda, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň çäginde, azyk ýetmezçiligi bilen bagly, goşunda gulluk edýän esgerleriň hem aç galýandygy, ene-atalaryň ogullarynyň yzyndan azyk ýetişdirmäge mejbur bolýandygy hakynda yzygiderli maglumatlar gelip gowuşdy.

Ýene degişli makalalar

'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera
ÝHHG Türkmenistandaky saýlawlara negatiw baha berdi, oppozisiýa ýok, metbugata häkimiýet agalyk edýär diýdi
Halkara metbugaty 'Berdimuhamedow anekdoty' üçin tankyt edilýär
HORMATLY ARKADAG: Halkyñ elinde ne pul galdy, ne-de puluna alara haryt
Türkmen jemgyýetinde täze maşgala gurlanda “galyň” salgydyny tölemek däbi saklanyp galýar
Türkmenistanda “Ýerasty Altylyk” filminiň ýerasty prokaty üçin jerime salýarlar