Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi

Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahatyň dabaraly açylyşy boldy.

Dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar, edebi-sazly çykyşlar we şowhunly tanslar ir säher bilen ýaýbaňlandyrylan dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.Welaýatyň birleşen tans-döredijilik toparlarynyň hem-de Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlary baý mazmuna beslenip, ýurdumyzyň täze taryhy döwürde giň gerime eýe bolýan daşary syýasatyny, barha pugtalandyrylýan halkara hyzmatdaşlygynyň şanly senesini has-da dabaralandyrdy. Çykyşlarda pederlerimiziň şöhratly taryhy, milli medeni mirasymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşindäki orny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspy aýdyň şöhlelendi.

Milli mirasymyzyň gymmatlyklary, senetçilik, amaly-haşam hem-de çeper elli gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň nusgalary esasynda guralan sergi maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Muzeýiň girelgesinde medeni-taryhy gymmatlyklaryň, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy.

Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahat muzeýiň mejlisler zalynda öz işine başlady.Maslahatyň başynda welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa söz sözläp, welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we olarda dikeldiş-rejeleýiş işleriniň geçirilişi, milli mirasymyza dahylly gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň umumadamzat medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda alnyp barylýan asylly işler hakynda täsirli gürrüň etdi.

Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa özüniň mazmunly çykyşynda halkymyzyň meşhur şahsyýetleri Magtymguly Pyragynyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Gurbanaly Magrupynyň, Şabendäniň, Şeýdaýynyň döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek babatda halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda aýratyn belläp geçdi.

Esasan hem, şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň Dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini buýsanç bilen nygtady.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşky gurşawy goramak durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy atly ÝUNESKO klubunyň ýolbaşçysy Atageldi Musaýew, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Amangylyç Gölbaýew, Akdepe etrabynyň Sapyş Çerkezow adyndaky geňeşligindäki taryhy muzeýiň direktory Hojageldi Babaýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramow, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizilen, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň müdiri Eneş Haýdarowa, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow dagy hem öz çykyşlarynda täze taryhy döwürde milli mirasymyzyň, taryhymyzyň gadyr-gymmatynyň arzylanýandygy hakynda buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çykyş edenler medeni mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň bütin dünýäde dabaralanmagy, geljekki nesillere aýawly ýetirilmegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi
Aşgabatda talyplaryň arasynda ekologiýa boýunça bäsleşik geçirildi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
TÝL ― 2023: Köpetdag öz meýdanynda Energetikden asgyn geldi