Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi.

Dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar, edebi-sazly çykyşlar we şowhunly tanslar ir säher bilen ýaýbaňlandyrylan dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.Welaýatyň birleşen tans-döredijilik toparlarynyň hem-de Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlary baý mazmuna beslenip, ýurdumyzyň täze taryhy döwürde giň gerime eýe bolýan daşary syýasatyny, barha pugtalandyrylýan halkara hyzmatdaşlygynyň şanly senesini has-da dabaralandyrdy. Çykyşlarda pederlerimiziň şöhratly taryhy, milli medeni mirasymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşindäki orny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspy aýdyň şöhlelendi.

Milli mirasymyzyň gymmatlyklary, senetçilik, amaly-haşam hem-de çeper elli gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň nusgalary esasynda guralan sergi maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Muzeýiň girelgesinde medeni-taryhy gymmatlyklaryň, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy.

Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahat muzeýiň mejlisler zalynda öz işine başlady.Maslahatyň başynda welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa söz sözläp, welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we olarda dikeldiş-rejeleýiş işleriniň geçirilişi, milli mirasymyza dahylly gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň umumadamzat medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda alnyp barylýan asylly işler hakynda täsirli gürrüň etdi.

Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa özüniň mazmunly çykyşynda halkymyzyň meşhur şahsyýetleri Magtymguly Pyragynyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Gurbanaly Magrupynyň, Şabendäniň, Şeýdaýynyň döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek babatda halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda aýratyn belläp geçdi.

Esasan hem, şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň Dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini buýsanç bilen nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ