Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi

Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi

Türkmenistanyň ulag toplumyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin häzirki wagtda 953,2 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlar çekildi. Şonuň 77,5 göterimi eýýäm özleşdirildi.Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” (ITTC 2024) atly halkara maslahatda mälim etdi.

Bu barada “News Central Asia” neşiri habar berýär.

D.Saburow ulag düzümlerini ösdürmäge serişdeleri çekmek üçin Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa Ösüş banky, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, Hytaýyň Eksport-import banky ýaly halkara maliýe düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.

Ol şeýle hem durnukly ulag düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet maýa goýumlarynyň ähmiýetini belledi.Türkmenistanyň Hökümeti döwlet kepilligi esasynda ulag toplumynyň kärhanalaryna 3,6 milliard ABŞ dollary möçberinde karzlary berdi.

D.Saburow ulag toplumynyň taslamalaryna gönükdirilen 4,64 milliarda ABŞ dollaryna barabar bolan göni döwlet maýa goýumlarynyň ähmiýeti barada hem aýtdy. Şonuň agramly bölegi “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň ösdürilmegine gönükdirildi.

Arkadag şäherinde ulanylýan elektromobiller we elektrobuslar ýaly energiýa netijeli ulag düzümlerini ornaşdyrmaga aýratyn üns çekildi. Emeli aňyň ulanylmagy bilen ýol hereketiniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek üçin “akylly” ulag ulgamlaryny döretmek boýunça taslamalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Demirgazyk Günorta, Gündogar Günbatar we Günorta geçelge ýaly halkara ulag ýollary Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň möhüm bölegidir.Türkmenistan Owganystany, Türkiýäni we Ýewropany özara baglanyşdyrýan “Lapis-Lazuli” üstaşyr geçelgesini işjeň ösdürýär.

Bu taslamanyň çäklerinde möhüm gurluşyk desgalary, şol sanda Serhetabat Turgundy demir ýoly we täze demir ýol köprüsi guruldy, şeýle hem optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we ammarlar toplumlaryny gurmak boýunça işlere badalga berildi.

Türkmenistan halkara howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak, täze gatnaw ugurlary açmak bilen howa ulagynyň desgalaryny işjeň ösdürýär. Munuň özi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlarynyň täjirçilik gonuşlarynyň sanynyň artmagyna we üstaşyr geçmeginiň möçberleriniň köpelmegine getirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdylar
Türkmenistanyň ulag toplumynyň taslamalaryna 1 milliard dollara golaý maýa çekildi
Ulag-logistika hyzmatlary kämilleşdirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti ýük uçarlarynyň sanyny artdyrmagy tabşyrdy
Türkmenistan we Gazagystan göni howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýärler