Türkmenistan ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny ösdürip, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär

Türkmenistan ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny ösdürip, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär

Türkmenistan milli ykdysadyýetini dünýä çykarmak we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň möçberini artdyrmak maksady bilen ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.

Iň möhüm taslamalardan biri hökmünde uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyny agzamak bolar. Awtoban Beýik Ýüpek ýolunyň bir böleginiň häzirki zaman nusgasyna öwrüler. Ýurduň gündogar sebitini döwletiň merkezi bilen birleşdirer hem-de Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna ýük akymlaryna göni giriş mümkinçiligini berer.

Munuň netijesinde Türkmenistan Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlary üçin has özüne çekiji üstaşyr merkezine öwrülip biler. CentralAsia.news neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu barada ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň üçünji tapgyrynyň gurluşygynyň Mary bölüminiň başlygy Rejep Eýeberdiýew gürrüň berdi.

Häzirki wagta çenli awtoulag ýolunyň gurluşygyna on müňden gowrak adam we bir ýarym müň sany gurluşyk enjamlary gatnaşýar. Ýoluň ugrunda onlarça uly we kiçi köpri, şeýle hem ýerasty geçelgeler, awtoulag hyzmat meýdançalary we töleg terminallary gurulýar.

Ýoluň Mary—Türkmenabat böleginiň 322-nji kilometrinde uzynlygy 241 metr bolan köpri, 442-nji kilometrde bolsa Garagum derýasynyň üstünden uzynlygy 291 metr we ini 38 metr bolan köpri gurulýar. Munuň özi ýurtdaky iň uzyn köpri bolar diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Alaja ykjam programmasy siziň hyzmatyňyzda
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi geçirildi
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer sahawaty
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy