Türkmenistan üstaşyr ýük gatnawyny 40 göterim artdyrdy

Türkmenistan üstaşyr ýük gatnawyny 40 göterim artdyrdy

Türkmenistan milli demir ýol arkaly harytlaryň öz çäginden üstaşyr geçiş wagtynyň ep-esli azalandygyny mälim etdi. Bu barada Trend.az habar berdi.

Multimodal logistikanyň netijeliligini artdyrmak we demir ýol gatnawyny gowulandyrmak bilen ýükleriň bir serhetden beýleki serhede eltilmeginiň tizligi 40 göterim ýokarlandy. Ulgamlaýyn çäreler arkaly gazanylan bu möhüm netije Türkmenistany halkara ulag ulgamynda roluny güýçlendirmek isleýän ýurtlaryň hatarynda goýýar.

Üstaşyr ýükler üçin daşama wagtyny gysgaltmak demir ýol ugurlarynyň işiniň ýeňilleşdirmek we Türkmenbaşy portundaky amallary gowulandyrmak arkaly gazanyldy. Bu, esasan-da Eýranda gijikdirmeleri azaltmak arkaly Türkmenistanyň üsti bilen ýükleriň daşalmagynyň has netijeli bolmagyna ýardam edýär.

Türkmenistan geljek ýylyň başyndan üstaşyr ýükleriň mukdaryny 80 göterim artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa ýurduň global logistika pudagynda esasy orna çykmak isleýändigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi
Awazada Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasy badalga aldy
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY RESMINAMANYŇ TASLAMASYNA BADALGA BERILDI
Türkmenistan CO2 zyňyndylaryny azaltmak üçin Türkmenabat-Türkmenbaşy demir ýoluny elektrifisirlemegi niýet edýär
Türkmenistanyň polat ýollarynyň geçirijilik kuwwaty artýar