Türkmenistan üçünji Ählumumy Günortanyň sesi sammitine gatnaşdy

Türkmenistan üçünji Ählumumy Günortanyň sesi sammitine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji Ählumumy Günortanyň sesi sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy.

Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek boldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derwaýys meselelerini çözmek boýunça anyk teklipleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda bu çärä gatnaşmaga çakylygy üçin, hindi tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de bitaraplyk we bilelikdäki parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda işjeň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.

Türkmenistanyň ulag we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Üçünji Ählumumy Günortanyň sesi sammiti geçirildi
Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler
Ýelizawetanyň platina ýubileýine bagyşlanan dabaralar
Halkara howa gatnawy gaýtadan başlandan soň Aşgabatdan Dubaýa ilkinji uçuş ugrady
Russiýa: "Azowstal fabriginden asuda ilatdan 46 adam çykdy" diýdi
Aşgabadyň ýaşaýjylary köpçülikleýin toý-tomaşa çärelerine gadaganlykdan para bilen sowa geçmäge synanyşýarlar. Emma, bu mydama başartmaýar