Türkmenistan Türkmenbaşyda $2 milliardlyk port açmagy planlaşdyrýar

Türkmenistan Türkmenbaşyda $2 milliardlyk port açmagy planlaşdyrýar

Türkmenistan 2-nji maýda Türkmenbaşyda gurulýan Halkara deňiz portuny açmagy planlaşdyrýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Reşit Meredowyň 13-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde bu barada beren habaryny diňläp, sebit we yklymlaýyn ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belledi.

Emma ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalarynyň döwlet gaznasyndan uly harajatlary çykarmakdan we dabaraly açylyşlardan kän aňryk geçmeýändigini belleýärler.

Azatlygyň Balkan welaýatyna belet synçylarynyň gürrüň bermeklerine görä, Türkmenbaşyda, ozalky Krasnowodsk şäherinde ozalam deňiz porty bardy we oňa “Aziýanyň derwezesi” diýip at berýärdiler. Sebäbi başga ýerlerden gelýän gämiler şu ýerde durup geçýärdi, onuň üstünden Azerbaýjana, Astrahana ýük äkidilýärdi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-1006-vpn {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

margin-bottom: 15px;

}

#GR-1006-vpn img {

width:130px;

}

#GR-1006-vpn:hover {

outline:2px solid #ea6903;

}

#GR-1006-vpn .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-1006-vpn span {

color: #ea6903;

}

#GR-1006-vpn p {

font-size: 21px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

Azatlyk Radiosynyň websaýtynyň petiklenmeýän görnüşi

Şeýle-de synçylar, eger dogry ulanyp bolsa, täze portuň türkmen ykdysadyýetinde uly rol oýnap biljekdigini hem belleýärler. Emma, adynyň aýdylmazlygyny soran 65 ýaşly balkanly synçynyň pikirine görä, Türkmenistanda gurulýan uly gurluşyklar käte durmuş hakykaty doly nazara alynman gurulýana çalym edýär.

“Krasnowodsk şäherindäki deňiz portuna 1991-nji ýyldan öň Dagystandan, Mahaçgaladan, Astrahandan, Bakuwdan ýolagçy gämileri gelýärdi, üstünde 33-35 demirýol wagonynyň orny bolan ýük gämileri gatnaýardy” diýip, balkanly synçy häzir Türkmenbaşydaky köne deňiz portuna Bakuwdan we Astrahandan bary-ýogy iki sany ýolgaçy gämisiniň gatnaýandygyny, olaryň ozalky ýaly günde däl-de, iki-üç günden gelýändigini belledi. Şeýle-de synçylar bu ýerde indi ýük gämileriniň kän göze ilmeýändigini habar berýärler.

“Onsoň, şeýle uly harajat çykarylyp gurlan täze deňiz portunyň kim bilen, nähili ýagdaýda ulanyljagy, onuň haçan özüni ödejegi düşnüksiz” diýip, anonim şertde gürleşen synçy aýtdy.

“Kaspi deňzinden göni beýleki deňizlere çykyş ýoly ýok, ilki Wolga derýasyna baryp, soň Gara deňze-beýlekä çykmaly, bu bolsa kän wagt alýar we bu ýerden gazanç etmek mümkinçilikleri indi öwrenilmeli” diýip, Azatlygyň başga bir anonim söhbetdeşi aýtdy.

Bu aýdylýanlar bilen aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem ylalaşýar, onuň pikirine görä, türkmen hökümeti bu hili proýektleri tassyklamazdan öň ýedi ölçäp, bir kesmeli, durmuşa dogry baha bermegi başarmaly: goňşular kim, olar bilen ykdysady, syýasy aragatnaşyklar näderejede - bu zatlaryň hemmesini hasaba almaly.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Ýazyjy bu pikirini Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollaryň ýagdaýy bilen düşündirdi. “Türkmenistanda häzir täze gurlup, ulanmaga berildi diýilýän demirýol stansiýalarynyň sany 72 sany, emma olar näderejede ulanylýar we näderejede özüni ödeýär, bu uly sorag bolmagynda galýar” diýip, ýazyjy Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda iň soňky ulanmaga berlen uly demirýol Demirgazyk-Günorta demirýoly, ol Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly diýlip hem atlandyrylýar. Bu demirýol Türkmenistanyň içinde 700 km aralyga uzaýar, ol ýoluň boýunda jemi 27 wokzal, demirýol şäherçesi gurlan, emma olaryň tas hemmesi boş dur, sebäbi bu demirýol bilen bagly planlaşdyrylan işler amal edilmeýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy kombinat hem öz proýekt kuwwatyndan has pes derejede işlerýär, emma türkmen hökümeti kaliý dökünlerini öndürmeli ikinji kombinat üçin pul harçlaýar.

Türkmenbaşyda açyljak täze portuň düýbi 2013-nji ýylyň martynda tutuldy, türk biznesmeni Ahmet Çalygyň GAP Inşaat kompaniýasy tarapyndan gurlan desganyň bahasynyň türkmen gaznasyna 2 milliard ABŞ dollaryna düşendigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Hazaryň suwy çekilýär, Aşgabadyň daşky gurşaw aladalary artýar
Uzak aralyga gatnaýan awtobuslaryň 'gaty utandyrýan' kemçiligi bar
Prezidentiň Türkmenbaşy şäherine saparyndan öň ýaşaýyş jaýlaryndaky hemra antennalary sökülýär
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär