Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi

Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi

Türkmenistan özüniň garşylyk pikirli raýatlaryna ýurduň çäginiň daşynda basyş etmekde, transmilli repressiýada dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bäşlige girdi. Bu barada ynsan hukuklaryna esewan ediji Freedom House (Azatlyk öýi) guramasy maglumat berýär.

Täze barlaglar hökümetleriň özge ýurtlarda ýaşaýan syýasy sürgünçileriň ýa-da diaspora jemgyýetleriniň arasynda özge pikirliligi ýok etmek üçin barha köp transmilli repressiýadan, fiziki we sanly taktikalar toplumyndan peýdalanýandygyny görkezýär.

Diňe 2023-nji ýylyň özünde 25 ýurduň hökümetleriniň gatnaşmagynda adamyň janyna kast etmek, alyp gaçmak, hüjüm etmek, tutup saklamak we bikanun deportasiýa etmek ýaly 125 sany serhetüsti repressiýa hadysasy hasaba alnypdyr. Bu hili basyp ýatyrma hereketlerini amal etmekde bäş döwlet Türkmenistan, Russiýa, Hytaý, Mýanma we Kamboja öňe saýlanýarlar.

Freedom House guramasynyň täze maglumatlaryna görä, 2014-nji ýyldan bäri, dünýädäki hökümetleriň 20 göterimden gowragy sürgünçilikdäki syýasy aktiwistleri, žurnalistleri, režimiň öňki insaýderlerini, hem-de etniki we dini azlyklaryň agzalaryny zor bilen sem etmekde öz serhetleriniň daşyna çykypdyrlar.

Gurama 2014 2023-nji ýyllar aralygynda transmilli repressiýa bilen bagly 1 müň 34 sany gönümel, fiziki hadysalary hasaba alypdyr.

Daşary ýurtlarda iş alyp barýan türkmen aktiwistleri soňky ýyllarda öz egindeşleriniň, türkmen hökümetiniň basyşlary netijesinde, daşary ýurtlardan Türkmenistana has köp alnyp gidilýändigini aýdýarlar: 2023-nji ýylda Farhat Durdyýew Türkiýeden, Mälikberdi Allamyradow Russiýadan alnyp gidildi.

Biraz öň, 2021-nji ýylda Azat Isakow hem Russiýadan alnyp gidildi.Has ozal, Türkiýede türkmen studentleriniň raýdaşlyk guramasyny esaslandyran Ömrüzak Omarkulyýew 2018-nji ýylda “türkmen häkimiýetleriniň guramaçylygynda, aldaw ýoly bilen” Türkmenistana alnyp gidildi.

Şeýle-de, aktiwistler 2023-nji ýylyň noýabryna çenli azyndan bäş aktiwistiň Röwşen Kylyçow, Umit Kuzybaýew, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow we Serdar Durdylyýew Türkiýeden Türkmenistana deport edilendigini aýdýarlar.

Häzirki wagtda niderlandlardan gaçybatalga soraýan türkmenistanly aktiwist Nurmuhammet Annaýew “Freedom House” guramasynyň barlaglary bilen ylalaşyp, türkmen hökümetiniň 2023-nji ýylda öz ýurdunyň çäginiň daşynda ýaşaýan özge pikirli raýatlaryna basyşy güýçlendirendigini aýdýar.

“2023-nji ýyldaky hasabat boýunça Türkmenistanyň ilkinji bäşlige girmeginiň esasy subutnamasy hökmünde soňky döwürlerde aktiwizmiň ýygjamlaşmagyny hem-de 2021-2022-nji ýyllarda edilen işleriň netijelerini görkezip bolar” diýip, Annaýew aýtdy.

Ol geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlardaky aktiwistleri yzarlamagyň, olara garşy güýç ulanmagyň we zor bilen alyp gitmegiň güýçlenendigini aýdýar.

“Türkmenistanyň hökümeti 2023-nji ýylda daşary ýurtlardaky aktiwistleri yzarlamak, ýençmek, güýji ýetse, şol ülkeler bilen ylalaşyp, alyp gitmek tejribelerini artdyrdy. Şol zatlara özümiz hem şaýat bolduk” diýip, Annaýew aýtdy.

Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasyny esaslandyran Nurmuhammet Annaýew we onuň egindeşleri 2021-nji ýylyň oktýabrynda Stambulda näbelli adamlar tarapyndan ýenjildi. Şonda ähli yşaratlar we alamatlar bu zorluk hereketiniň türkmen ýörite gulluklary tarapyndan ýerine ýetirilendigini görkezdi.

“Netijede, bular alyp gidip bilenlerini alyp gitdiler, biz ýaly, alyp gidip bilmedikleriniň yzyndan adam ugratdylar, urup-ýençdiler... Ýadyňyza düşýän bolsa Stamduldaky jemgyýetçilik guramasynyň öňünde şeýle hadysa boldy” diýip, Annaýew ýatlaýar.

Adam hukuklary boýunça halkara hasabatlar dünýäde awtoritar režimleriň barha köp transmilli repressiýa bilen meşgullanýandygyny, şeýle-de, erkin pikirli syýasy sürgünçilere, syýasy we raýat aktiwistlerine barha köp serhetüsti wehimleriň abanýandygyny görkezýär.

“Transmilli repressiýa içerki we halkara howpsuzlygyna gönümel wehim salýar, we demokratik jemgyýetler muny derhal çözmek üçin bilelikde işlemelidirler. Biz repressiw režimleri tankytlaýan žurnalistler, aktiwistler we beýlekiler üçin howpsuz gaçybatalgasy bolmadyk dünýäni kabul edip bilmeris” diýip, Azatlyk öýüniň prezidenti Maýkl Abramowitz guramanyň web-saýtynda sitirlenýär.

Ol demokratiýa bilen dolandyrylýan ýurtlary özleriniň baş gymmatlyklaryny we özygtyýarlylyklaryny goramak üçin bu ugurda has köp tagalla etmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň hökümeti özge pikirleri basyp ýatyrmakda, tankyda çydamsyzlykda, söz, metbugat, hereket, din-wyždan azatlygyny basgylamakda we zenan hukuklaryny depelemekde yzygiderli tankyt edilýär. Türkmen tankytçylary hem ýurduň içinde, hem ýurduň daşynda häkimiýetler tarapyndan yzarlanýar we basyşlara sezewar edilýärler. Synçylar türkmen režiminiň özge pikirli adamlara basyş edip, olary gorkuzmak üçin, dürli assyryn tärlerden we taktikalardan peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy täze hasabat boýunça Türkmenistanyň hökümetinden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Diňle: Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi
Täçmyrat Bekiýewiň Russiýadan Türkmenistana deportasiýa edilmegine 'taýýarlyk görülýär'
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Býujet işgärleri: Mejbury ýazylan gazet-žurnallarymyz öýlerimize gowşurylmaýar