4-nji maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa bileleikdäki türkmen-german komissisýasynyň 29-njy aprelden 1-nji maýa çenli aralykda Berlinde geçirilen 8-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi.
“Nebit we gaz çykarmak, olary gaýtadan işlemek boýunça türkmen kärhanalarynyň hem-de energetika we himiýa pudagynyň işine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga german kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge nemes gaz enjamlaryny öndürijileri çekmegiň geljegi uly hasaplanýar” diýip, TDH habar berýär.
“Umax Trade GmbH” german kompaniýasy bilen suw hojalygy üçin enjamlary getirmek, “Airbus” kompaniýasynyň ýolagçy, ýük we ýörite uçarlaryny satyn almak hem-de kosmos pudagynda gatnaşyklary ýola goýmak barada teklipler beýan edildi.
Dag-magdan senagatyna maýa çekmek, ulag we logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, obasenagat hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Ýatladýarys, prezedent Berdimuhamedow Kuweýte we BAE resmi sapar edende, bu ýurtlaryň ýolbaşçylaryny gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.
Özbegistanyň baştutany Şawkat Mirziýoýew bolsa, bu taslama goşulmakçydygyny aprelde aýtdy.