Türkmenistan Orsýetiň Stwaropol ülkesinden tohumlyk bugdaýy satyn almaga başlar. Новости 1777 neşiriniň Stawropolyň oba hojalyk minisitriniň orunbasary Andreý Oleýnikowa salgylanyp habar bermegine görä, 2019-njy ýylda Türkmenistana 10 müň tonna güýzlük bugdaýyň we beýleki däneleriň tohumy iberiler.
Maýyň ortasynda şertnama baglaşylmagyna garaşylýar.
Ýatladýarys, geçen ýyl hasyllylygyň ýaramz bolmagy netijesinde, Türkmenistanda ýerli bugdaýyň gytçylygy göz ildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow martda bugdaýa öz wagtynda esewan etmek boýunça agrotehniki çäreleriň görülmändigi üçin birnäçe etrap häkimine käýinç yglan etdi.