Türkmenistan TIFA Geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan TIFA Geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Astana şäherinde ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy.

13-nji iýunda bolan duşuşykda alty ýurduň — ABŞ-nyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de Täjigistanyň wekilleri TIFA-nyň çäginde söwdany diwersifikasiýa etmegiň we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň Metbugat gullugy habar berdi.

ABŞ-nyň söwda wekili, ilçi Katerin Taý TIFA girýän ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

— Merkezi Aziýa ABŞ üçin örän möhüm ykdysady we strategiki hyzmatdaş bolmagynda galýar. Durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün etjek adaty üpjünçilik zynjyrlaryny bilelikde ösdürmeli. Amerikanyň Birleşen Ştatlary söwda dolanyşygynyň hilini ýokarlandyrmak we awtoulaglarydyr ýarymgeçirijileri öndürmek üçin möhüm metallar bilen üpjün etmek isleýär — diýip, Katerin Taý belledi.

Şeýle hem TIFA Geňeşiniň agzalary üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygyny we ykdysady diwersifikasiýany gowulandyrmak üçin täze söwda ýollaryny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda we maýa goýum boýunça Çarçuwaly ylalaşyga (TIFA) 2004-nji ýylyň iýun aýynda Waşingtonda ABŞ-nyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda gol çekildi.

Amerika — Merkezi Aziýa söwda we maýa goýum Geňeşi TIFA-nyň çäginde döredildi. 2023-nji ýylda TIFA ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,3 göterim ýokarlanyp, 11,7 milliard dollara (2022 -nji ýylda 11,0 milliard dollar) ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly oppozision lider Netanýaha Gaza ylalaşygyny tamamlamagy üçin çagyryş etdi
Prezident Erdogan şu gün ABŞ-na gider
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Prezident Erdogan ertir ABŞ-na gider
ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleri
Billstrem Türkiye Bilen Gatnaşyklaryň Kämil Derejededigini Beýan Etdi