Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki Sony Middle East And Africa FZE kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşar.
Munuň üçin degişli ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, tehniki binýadyny berkitmek we döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak maksady bilen kabul edildi.