Türkmenistan TDG-niň söwda we ykdysadyýet ministrleriniň mejlisine gatnaşar

Türkmenistan TDG-niň söwda we ykdysadyýet ministrleriniň mejlisine gatnaşar

Ertir 18-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň söwda we ykdysadyýet ministrleriniň 13-nji mejlisi geçiriler. Oňa türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Türkiýäniň Söwda ministrligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda ygtyýarly ministrlikleriň wekilleri söwda, maýa goýum, logistika, gümrük, halal önümleriň senagaty, energetika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Mejlise Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarý
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türkmenistanly okuwçylar GDA ýurtlarynyň çagalarynyň birinji Delfiý oýunlarynda baýraklara mynasyp boldular
Türkmen deputatlary Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda Günorta Afrikany utdy