Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň 30-31-nji oktýabr aralygynda Kabula gelip, “Talybanyň” geçiş hökümeti bilen geçiren gepleşikleriniň esasy temasy Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana tebigy gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany, TOPH-y durmuşa geçirmek barada boldy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15 ýyl ozal häkimiýet başyna geleli bäri TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Emma muňa derek, awtoritar dolandyryjynyň ünsi owalda-ahyrda bolşundan has gowy görünýän ýewropa bazaryna, TransHazar geçirijisi taslamasyna gönükse, has bähbitli boljaga meňzeýär.
Beýleki bazarlar bilen baglanyşdyrýan geçirijileri bolmansoň, dünýä bazarlarynda ýokarlanan rekord gaz bahasynyň bu gezekki möwsümi hem Türkmenistandan sowa geçýär. Bu ýer ýüzünde gaz gorlarynyň subut edilen möçberleri boýunça dördünji orunda durýan we nagt pula zar, ilaty garyp düşen Aşgabat üçin gaty aýyp bolup görünýär.
Kabuldaky täjir
Meredow “Talybanyň” daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki, premýer-ministriň orunbasary wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Salam Hanafi we, goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji, merhum talyban lideri Molla Omaryň ogly, Mawlawi Muhammad Ýakup dagy bilen duşuşdy.
Resmileriň duşuşyklarynyň gün tertibindäki baş mesele, Muttakiniň Meredow bilen duşuşygy barada aýdyşy ýaly, "TOPH, demirýol we elektrik ýaly möhüm meselelerden ybarat" boldy.
"TOPH taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde men göni jogapkärçilik çekýärin... we biz bu milli taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin islendik pidany bermäge ýaýdanmarys” diýip, Ýakub öz twitter hasabynda ýazdy.
TOPH türkmen resmileri üçin Owganystanyň öňki prezidenti Aşraf Ganiniň hökümeti, ondan ozalky prezident Hamid Karzaýyň hökümeti we 1990-njy ýyllaryň aýagynda, haçanda ýurdy dolandyrýan wagtynda “Talyban” wekilleri bilen duşuşanda we gepleşik geçirende möhüm mesele boldy.
Owgan hökümeti TOPH geçirijisini goramak üçin takmynan 7000 esgerden ybarat ýörite güýç döretmegi 2010-njy ýyldan bäri wada berýärdi.
Hatda "Talyban" hem, hökümet güýçleri bilen söweşýän hem bolsa, 2018-nji ýylda TOPH-y goramak wadasyny berdi.
Türkmenistandaky gaz ýataklaryndan başlanyp, Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana çenli, 1800 kilometrden gowrak aralyga çekilmeli geçiriji, eger başa barsa, ýylda 33 milliard kub metr gaz akdyrmagy maksat edinýär.
Bu gazdan Pakistan bilen Hindistanyň hersi 14 milliard kub metr gaz alsa, Owganystan 5 milliard kub metr gaz almaly. Häzir ýylda ulanýan 200 million kub metrden hem az gazy bilen deňeşrdirilende, bu Owganystan üçin örän kän gaz bolar.
Mundan başga, Meredowyň “Talyban” wekilleri bilen geçiren soňky duşuşygynda aýdylmagyna görä, Owganystan her ýyl tranzit töleglerinden hem 500 million dollar gazanar. Emma Meredow 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Owganystanyň tranzit töleglerinden takmynan 1 milliard dollar gazanjakdygyny aýdypdy.
Şu ýylyň oktýabr aýynda gaz bahasy gysga wagt ýokarlanyp, her 1000 kub metr gaz 1000 dollardan gowrak bahalananda, türkmen resmilerini der basan bolsa gerek.
Türkmen resmileri 25 ýyl ozal özleriniň şol wagtky ýeke-täk gaz müşderisiniň, Orsýetiň her 1000 kub metr gaz üçin 32 däl-de, 40 dollar tölemegini gazanjak bolup jan edýärdiler.
“Talyban” döwründe Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýy öňkülerine garanda has durnuklaşsa-da, TOPH geçirijisiniň Owganystanyň üstüne düşýän bölegini, takmynan 775 kilometr aralyga çekilmeli turbalary maliýeleşdirmekde düýpli meseleler bar.
Bu taslamanyň deslapky bahasy takmynan 10 milliard dollar, ýöne bu hasap mundan on ýyl çemesi öň çykarylypdy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Stiw Manyň ýakynda “Atlantic Council” neşirinde çap edilen makalasynda aýtmagyna görä, hatda Owganystanyň içindäki howpsuzlyk ýagdaýlary gowulaşan halatynda-da, "Talybanyň üstün çykmagy bu taslamanyň düýpli kemçiliklerini, şol sanda onuň maliýeleşdirmek, maliýe durnuklylygy geçiriji eýeçiligi we ony ulanmak ýaly meseleleri çözmekde hiç bir zat bermeýär”.
"Munuň üstesine, “Talyban” babatyndaky ýowuz [ykdysady] sanksiýalar hem täze bir ylalaşyk bozujy faktor bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Pakistan soňky ýyllarda TOPH arkaly aljak türkmen gazynyň bahasy barada birnäçe gezek gepleşik geçirmäge synanyşdy we, habar berilmegine görä, Türkmenistan 2020-nji ýylda bahalary arzanlatmak meselesine seretmäge razy boldy.
Hindistan indi bu taslamadan doly çykyp biler, sebäbi Nýu-Deliniň Yslamabat bilen gatnaşyklary hiç haçan gowy däldi we “Talyban” bilen has-da erbet.
“Talyban” awgust aýynyň ortalarynda Owganystany ele geçireli bäri Gazagystanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem Kabula sapar etdi we, belki, Meredowyň sapary hem Türkmenistanyň täze owgan häkimiýetleri bilen gatnaşyklaryny berkitmek maksadyndan ugur alýandyr.
TransHazara geçiş
Emma Türkmenistanyň TransHazar geçirijisini gurmak mümkinçilikleriniň öňkülerinden has gowulaşan ýaly görünýän wagtynda TOPH geçirijisini dikeltjek bolup tagalla etmegi geň bolup görünýär.
TransHazar geçirijisi, başa barsa, Kaspi deňziniň içinden çekilen gaz geçirijisi arkaly, Türkmenistandan Azerbaýjandaky geçirijilere we ahyrynda Ýewropa bazarlaryna 30 milliard kub metr çemesi gaz eltmegi maksat edinýär.
Ýewropa Bileleşigi özüniň Günorta gaz koridorynyň bir bölegini düzjek taslamanyň durmuşa geçirilmegine ençeme ýyl bäri umyt baglaýar.
Gazyň häzirki rekord bahasy we “Demirgazyk akym 2” taslamasynyň gurlup gutarylmaga golaýlamagy bilen, ÝB-niň Orsýete gaz babatynda has garaşly bolmak gorkularynyň arasynda, başga bir gaz üpjünçisi arkaly gaz ätiýaçlyklaryny köpeltmek mümkinçiligi, hususan-da TransHazar geçirijisiniň käbir esasy päsgelçilikleriniň aradan aýrylan pursatynda, ÝB we Türkmenistan üçin altyn mümkinçilik bolup görünmeli.
Gürrüňi edilýän päsgelçilikleriň biri Hazaryň gündogar tarapynda ýerleşýän Türkmenistan bilen günbatar tarapynda Azerbaýjanyň deňizde, iki ýurduň aralygynda ýerleşýän üç nebit we gaz ýatagy baradaky dawa boldy.
Emma bu dawa, onlarça ýyl soň, ahyrynda ýanwar aýynda çözüldi.
Şeýle-de, Azerbaýjandan Ýewropa çenli geçiriji gurmak zerurlygy bardy, emma TransAnadoly tebigy gaz geçirijisi, Türkiýäniň üstünden geçýän 1841 kilometrlik TANAP 2018-nji ýylda tamamlandy.
Mundan başga, TANAP taslamasynyň geçirijilik kuwwatyny ýylda 60 milliard kub metre çenli güýçlendirmek göz öňünde tutýar.
Emma Azerbaýjanda bu möçberdäki geçirijini doldurmak üçin ýeterlik gaz ýok we TANAP taslamasynyň geçirijilik kuwwatynyň gürrüňi edilýän derejä çykmagy üçin oňa türkmen gazynynyň hem goşulmagy gerek.
Günorta gaz koridory geçiriji ulgamy 2020-nji ýylyň ahyrynda tamamlandy we Azerbaýjanyň Hazardaky gaz ýatagyndan, Şah Deniz 2-den alynýan gaz eýýäm GGK we TANAP arkaly Gresiýa, Albaniýa we Trans-Adriatik geçiriji arkaly Italiýa iberilýär.
Takmynan 300 kilometrlik TransHazar geçirijisini gurmak üçin, hasaplamalara görä, 5-8 milliard dollar aralygyndaky serişde gerek
ABŞ-nyň “Trans Kaspi Resurslary” atly kompaniýasy azrak gaz göwrümi bolan, ýöne iki ýyl içinde işledilip bilinjek geçiriji görnüşini teklip etdi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Allan Mustard ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Nebit we gaz halkara konferensiýasyna gatnaşdy we alternatiwa - Hazar birleşdirijisini teklip etdi. Ol her ýyl takmynan 10-12 milliard kub metr gaz göterip biler we bar bolan infrastrukturany ulanmak arkaly, 500 milliondan 800 million dollara çenli gurlar.
Emma esasy bir päsgelçilik saklanyp galýar.
Gazagystanyň eýýäm Hazaryň demirgazyk böleginde şeýle işi edendigine garamazdan, Russiýa bilen Eýran Hazar deňziniň düýbünden geçiriji gurmak bilen baglanyşykly daşky gurşaw aladalaryny orta atdy.Russiýanyň özi bolsa, Gara deňziň düýbünden Türkiýä çenli we Demirgazyk akym 1-nji we 2-nji bilen baglylykda, Baltika deňziniň düýbünden (takmynan 1,222 kilometr) uzyn we has çuňlukdan geçýän geçirijileri gurup, bu iki ugry dünýädäki iň uzyn suwasty geçirijileriniň geçýän ýerine öwürdi.
Emma muňa garamazdan, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Orsýet we Eýran tarapdan görkezilen garşylyga görüp biljek çäresi az bolup göründi.
Türkiýe, golaýda Dagly-Garabagda Ermenistan bilen bolan çaknyşykda Azerbaýjana beren harby goldawyny agzamanymyzda hem, Liwiýadaky we Siriýadaky konfliktlerde oýnan täsirli rollary bilen, dünýäde agramy artýan güýç bolup durýar. Bu ýurt hatda ýakynda Ukrainany hem ýaragly, pilotsyz uçarlar bilen üpjün etdi we Kiýew olaryň birini golaýda Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanýan separatist güýçleriň käbir toplaryny ýok etmek üçin ulandy.
Ankara Moskwa we Tährana garşy durmaga taýýardygyny we, eger Türkiýe TransHazar geçirijisine berýän jemgyýetçilik goldawyny artdyrsa, Türkmenistany we Azerbaýjany bu taslama gol ýapmaga ynandyryp biljekdigini görkezdi.
Emma Ankaranyň goldawyny almak Türkmenistan üçin bir kynçylyk bolup biler.
Türkmen resmileri türk häkimiýetlerini Türkiýedäki türkmen migrant işçileriniň ýolbaşçylygynda türkmen hökümetine garşy guralýan protestleriö öňüni almaga çagyrýar. Şeýle-de, Aşgabatdaky hökümet aktiwistleriň Türkmenistana deportasiýa edilmegini gazanmaga çalyşýar.
Awgust aýynyň başynda bir türkmen protestçisi Stambuldaky Türkmen konsullygynyň edara jaýyna salnyp, gazaply urlup-ýenjilende, Ankaranyň görnetin gahary geldi.
Saudly žurnalisti we aktiwist Jamal Haşoggi 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynyň içinde öldürileli bäri Türkiýe hökümeti bu hili hadysalardan juda ynjalyksyz bolýar.
Türkiýäniň türkmen hökümetine garşy protestleriň öňüni almakdaky haýal-ýagallygy, käbir pikirlere görä, Aşgabadyň Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan ýaly türki döwletleri öz içine alýan Türk Geňeşine goşulmak baradaky teklibi kabul etmekde ikirjiňlenmegine sebäp boldy.
Emma Türkmenistan, eger-de ýurt öz çägindäki ägirt uly gaz gorlaryny irde-giçde nagt pula öwürjek bolsa, teklip edilýän gaz geçirijileri babatdaky tagallalaryny dowam etdirmeli.
TOPH geçirijisiniň amala aşyrylmagy 25 ýyl ozalkydan has ýakyn görünse-de, TransHazar geçireijisi ýa-da onuň bir görnüşi - tölegli müşderileriň kepillendirilen bazary bilen ýakyn wagtda tamamlanyp bilner.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy bu synyň taýýarlanmagyna öz goşandyny goşdy.