Türkmenistan täze ulag-üstaşyr ýollaryny döretmegi maksat edinýär

Türkmenistan täze ulag-üstaşyr ýollaryny döretmegi maksat edinýär

-Türkmenistan sebitiň içersindäki ulag gatnawlarynyň amala aşyrylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp baryp, ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistikany ösdürmek babatda tagallalary birleşdirýär-diýip, Atamyradow belledi. Şu maksat bilen Türkmenistanda hökümet derejesinde Günorta Ýewropa çykalgasy bolmak bilen, Merkezi Aziýa—Hazar-Gara deňiz sebiti, şeýle hem Merkezi Aziýa—Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze ulag-üstaşyr hem-de aragatnaşyk ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça iş topary döredildi.

Ozal ylalaşylan ugurlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işler depginli alnyp barylýar, şol ugurlaryň hatarynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman- Katar, Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi ugurlary we beýlekiler bar.Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli demir ýol ulgamy sebitiň ýurtlary bilen baglanyşdyrylandyr diýip, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy gürrüň berdi.

Ol Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gazagystan- Türkmenistan-Eýran uly demir ýolunyň gurlup ulanylmaga berlendigini belledi.Bu ýoluň açylmagy netijesinde, Hytaýdan konteýner ugurlarynyň biri işe girizildi.

Ulag ulgamynda bar bolan ägirt uly kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge ymtylyp, Türkmenistan ulag pudagynyň ähli düzümleri bilen bilelikde, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar.

Şeýle hem Atamyradow Türkmenistanyň sebitdäki goňşular üçin amatly şertlerde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny, bu portuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleriniň Ýewropanyň, Russiýanyň, Zakawkaziýäniň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna eksportyny üpjün etmäge ukyplydygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Amanullah Transport and Logistics kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
22.01.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok
06.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk