Türkmenistan Täjigistanda, Ýaponiýada söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikleri geçirýär

Türkmenistan Täjigistanda, Ýaponiýada söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikleri geçirýär

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan Täjigistanda, Ýaponiýada we beýleki döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Latyn Amerikasy döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, hususy pudaga goldaw bermekde, üstaşyr ulag geçelgeleri ýaly wajyp ugurlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň söwda ulgamynyň iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň ähmiýeti uly bolup, olaryň sany barha artdyrylýar.

Russiýanyň Moskwa we Kazan şäherlerindäki, Belarusdaky, Türkiýedäki söwda öýleri söwda dolanyşygyny pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Täjigistanda, Ýaponiýada we beýleki döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi

Ýene degişli makalalar

Täjigistanda, Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär
Hormatly Prezidentimiz COP-28 sammitinde çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti COP-28 sammitinde çykyş etdi
Türkmenistan ÝUNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda geçirilýän halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” duşuşygynda çykyş etdi