Tranzit arkaly Täjigistana gelýän ýük maşynlary türkmen serhedinde howpsuzlyk sebäpli saklanýar. Bu düşündiriş türkmen tarapynyň Täjigistanyň DIM-ine iberen resmi hatyndan gelip çykýar diýip, “Ozodi” radiosy habar berýär.
Täjigistanyň Transport ministrligindäki çeşmäniň sözlerine görä, resmi hatda Türkmenistanyň serhedinde Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň maşynlarynyň hem saklanýandygy aýdylýar. “Bu ýurduň häkimiýetleri neşe gaçakçylygyndan alada galýarlar, şu sebäpden olar şeýle çärä ýüz urdy” diýip, çeşme belledi. Emma, bu düşündirişiň nämäni aňladýandygy, maşynlaryň serhetden geçmegine haçan rugsat beriljekdigi belli bolman galýar.
Eýrandan, Türkiýeden gelýän ýük maşynlary Täjigistana gitmek üçin awgustyň aýagyndan bäri türkmen serhedinden geçip bilmeýärler. Şu döwrüň içinde Türkmenistanda 9-16-njy sentýabr aralygynda geçirilýän rallä taýýarlyk görüldi.