
CAFA Nation's Cup-2023-iň A toparçasynyň deslapky oýny bolan Türkmenistan — Täjigistan duşuşygynda esasy düzümde meýdança çykjak oýunçylar belli boldy. Oýun 18:30-da Daşkent şäherindäki Pahtakor stadionynda bolup geçer.
Türkmenistan: 1.Çaryýew, 2.Annagulyýew, 3.Toýjanow, 9.Annaýew, 10.Hojaýew 13.Ballakow, 14.Diniýew, 15.Bäşimow, 20.Baýew, 21.Sapargulyýew, 23.Çaryýew.
Täjigistan: 1.Ýatimow, 2.Juraboýew, 5.Safarow, 6.Hanonow, 7.Umarbaýew, 8.Juraboýew, 15.Mabatşoýew, 17.Ehsoni, 19.Nazarow, 20.Alijoni, 21.Jalilow.
Ýeri gelende ýatlatsak, bu oýna Türkmenistanyň çäginde IPTV ulgamy arkaly Futbol täjik teleýaýlymynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilersiňiz.