5-nji iýunda Brýussel şäherinde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Tükmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy hbar berdi.
Çäre Daşary gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (DGÝG) edarasynda geçirilip, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini bir ýere jemledi. Duşuşyk resmi surata düşmek dabarasy we gutlag sözleri bilen başlanyp, soňra tematiki bölümçeler geçirildi.
Ösüp barýan ählumumy we sebitleýin howpsuzlyk gurşawy atly birinji bölümçä gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýeti ählumumy howplara, şol sanda terrorçylyga we kiberjenaýatçylyga garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň 2025-2030-njy ýyllar üçin zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça täze Milli strategiýasynyň üstünde işleýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti we halkara bileleşiginiň parahatçylyk tagallalaryndaky orny hem nygtaldy.
ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda howpsuzlyk meselelerindäki hyzmatdaşlyga bagyşlanan ikinji mejlisde, türkmen tarapy gepleşikler we halkara hyzmatdaşlygy arkaly syýasy durnuklylygy berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan, howpsuzlygy berkitmäge we serhetaşa howplara garşy göreşýän BOMCA, CADAP we LEICA ýaly ÝB tarapyndan goldanýan maksatnamalaryň ähmiýeti barada hem durlup geçildi.
Türkmen tarapy Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösüşine we kiberhowpsuzlyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Jemleýji bölümçe terrorçylyk howpyna we Owganystandaky ýagdaýlara bagyşlandy. Türkmen wekiliýeti Owganystanda durnuklylygy gazanmak üçin halkara goldawynyň möhümdigini aýtdy we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, elektrik geçiriji ulgamy we demirýol gurluşygy ýaly bu ýurtda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalara ünsi çekdi.
ÝB tarapyndan çekişmelere Syýasy meseleler boýunça baş sekretaryň orunbasary we DGÝG-niň syýasy direktory Enrike Moru, Merkezi Aziýa boýunça ÝB-niň ýörite wekili Teri Hakala, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ÝB-niň ýörite wekili Nadia Kostantini, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ÝB-niň utgaşdyryjysy Bartýan Wegter we Owganystan boýunça ÝB-niň ýörite wekili Tomas Niklasson ýaly esasy wekiller gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň ÝB-Merkezi — Aziýa ýokary derejeli dialogyna gatnaşmagy Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny we halkara diplomatik tagallalary arkaly parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge isleg bildirýändigini görkezýär diýlip, çeşmede bellenilýär.