Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti 31-nji maý — 2-nji iýun aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilen syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň (ICTM) XII mejlisine gatnaşdy.

Ministrler mejlisiniň öňüsyrasynda Hywa şäherinde Syýahatçylygy utgaşdyrmak komitetiniň 9-njy mejlisi hem geçirildi. Oňa Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň — Türkmenistanyň (Atageldi Şamyradow, medeniýet ministri — red.), Türkiýäniň, Senegalyň, Somaliniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Ugandanyň, Azerbaýjanyň, Bangladeşiň, Burkina Fasonyň, Gabonyň, Müsüriň, Yragyň, Liwiýanyň, Malaýziýanyň, Singapuryň, Maldiwleriň, Omanyň, BAE-niň hem-de başga-da birnäçe döwletleriň wekilleri gatnaşdy.

Syýahatçylyk ministrleriniň XII mejlisiniň çäginde ýokary wezipeli adamlaryň üç iş duşuşygy geçirildi. Çärelerde syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe ýurduň çykyşlary, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň hasabatlary diňlenildi we beýleki möhüm meselelere garaldy.

Mejlisiň jemlerine görä, 2025-nji ýylda Dakar (Senegal), 2026-njy ýylda Kair (Müsür) we 2027-nji ýylda Lahor (Pakistan) Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagtlary hökmünde saýlanyldy.

Guramanyň çäginde yslam syýahatçylygyny ösdürmek, wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek, maýa goýumlaryny höweslendirmek, yslam syýahatçylygy babatda mümkinçiligi uly bolan ýerleriahabatlandyrmak, işgärleri taýýarlamak we standartlaşdyrmak arkaly özara syýahat akymyny ýokarlandyrmak üçin strategiki Ýol kartasyny durmuşa geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Burkina-Faso, Siriýa we Uganda Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldy
BURKINA FASO, THE SYRIAN ARAB REPUBLIC AND UGANDA BECAME MEMBERS OF THE GROUP OF FRIENDS OF NEUTRALITY FOR PEACE, SECURITY AND SUSTAINABLE DEVELOPMENT
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
Nigeriýada 2,3 Million Çaga Sanjymlandy
Prezident we parlament saýlawlary geçiriler