Eziz Watanymyz syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir.Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan täze syýahatçylyk merkezine öwrülýär, ýurdumyzda syýahatçylygyň döwrebap nusgasy döredilýär.Halkymyzyň taryhy-medeni özboluşlylygy, baý milli mirasy, dünýä meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler toplumlary, täsin tebigy ekologiýa ulgamlary syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler ýetişdirilýär.Diýarymyzdaky Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän desgalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri özüne birleşdirýär.
Köneürgenjiň ýadygärlikleri, Aşgabadyň ajaýyp ýerleri, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Hazar ýakasy, Garagumuň giňişlikleri, Köýtendag, deňsiz-taýsyz Garlyk gowaklary, Bathyz düzlügi köp täsinliklere eýedir. “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasy täsin ýadygärlikleri, arheologlaryň haýran galdyryjy açyşlary bilen bellidir.
Gadymy Erk galanyň we Gäwür galanyň harabalary, öz üýtgeşik görnüşi bilen haýran galdyrýan Uly we Kiçi Gyzgala, Muhammed ibn Zeýdiň aramgähi, Soltan Sanjaryň meşhur aramgähi ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Aşgabadyň etegindäki Köne Nusaý dünýä taryhyna diňe bir ösen döwlet ulgamy bilen däl, eýsem, medeniýetiň ýokary derejesi bilen hem giren Gadymy Parfiýanyň paýtagtydyr.Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ruhyýet köşgünde ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz: “Biziň owadan daglarymyz, ümmülmez sähralarymyz, ajaýyp derýalarymyzdyr köllerimiz bar.Bu baýlyklarymyzy biz aýawly we netijeli ulanmalydyrys. Şu maksatdan ugur alyp, Köpetdagyň we Köýtendagyň, Sumbaryň gözel jülgelerinde, Bathyzyň goraghanaly ýaýlalarynda, Amyderýanyň, Murgap hem-de Garagum derýalarynyň boýlarynda köp sanly dynç alyş merkezlerini gurup, adamlaryň syýahat edip, oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri dörederis.
Welaýat merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda her 40-50 kilometrden, ähli şertleri bolan dynç alyş merkezlerini gür baglyga bürenen çaýhanalary, özboluşly kempingleri çaklaň myhmanhanalary, awtoulaglara hyzmat edýän döwrebap merkezleri gurarys“ diýip belledi.Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri tarapyndan täsin goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bu sanawa girizmek üçin milli tebigy desgalaryň deslapky sanawynda dünýäde ýeke-täk bolan, özüniň tektoniki döwlen ýerleri, tebigy pisse jeňňellikleri, sähra gulanlary, jerenleri we dag goçlary bilen meşhur bolan Bathyz, Repetek, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Hazar, Köýtendag we beýleki goraghanalar hem bar.
Balkanda Jebel gowagy, Daşrabat gadymy şäher harabalygy siwilizasiýanyň iň gadymy ojaklarynyň biridir.Balkan dagynyň eteklerinde Garaçagyl atly tebigy çeşme ýerleşýär.Häzirki döwürde sport, sagaldyş, ekologiýa, medeni-öwreniş syýahatçylygy uly meşhurlyga eýe bolýar.
Sport ugry Türkmenistanda halkara syýahatçylygynyň täze ugruna öwrülýär.Sebäbi häzirki zamanda syýahatçylyk sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak adamlaryň işjeň dynç alyşa ymtylmagy bilen berk baglydyr.Muňa mysal hökmünde dag syýahatçylygyny, atly syýahatçylygy, gämili gezelenji we beýlekileri görkezmek bolar. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinden başga-da, Hazaryň kenar ýakasy, Awazanyň täze şypahana ugurlary uly gyzyklanma eýe bolýar.
Bu zolagyň deňiz, kenarýaka dynç alşy we ýahta syýahatçylygynyň dünýä merkezleriniň birine öwrüljekdigini ynamly aýdyp bolar.Deňiz dynç alşynyň myhmanhana düzümine täze oňaýly myhmanhanalar, dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, dynç alşa degişli beýleki desgalar, şeýle hem ýurdumyzdaky ilkinji ýaht-klub, köpugurly sport toplumy bezeg berýär.
Awazada ýylyň bütin dowamynda dürli derejeli ýaryşlary, türgenleriň okuw we türgenleşik ýygnanyşyklaryny hem-de beýleki çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýän ajaýyp saglygy dikeldiş we sport binalary bar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ekologiýa syýahatçylygyny, işjeň dynç alşy, saglygy berkitmegi öz içine alýar.
Bu zolak Orta Aziýa sebitinde keselleriň önüni almaga we saglygy dikeltmäge amatly şertler döredilen ýeke-täk talassoterapiýa merkezidir.Köýtendagyň ajaýyp künjekleri, bu täsin mekanyň baryp bolýan gowaklary, dag howasy hem ekologiýa syýahatçylygyny şypahana hyzmatlary, sport-sagaldyş syýahatçylygy bilen utgaşykly guramaga mümkinçilik berýär.
Dünýäniň sagaldyş syýahatçylygynda öňdäki orunlara çykarmaga ýardam etmek üçin türkmen şypahanaçylygynda innowasion ýagdaýlar işjeňleşdirilýär. Şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, olarda edilýän hyzmatlaryň görnüşleri giňelýär we hili ýokarlanýar. “Baýramaly”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap” şypahanalarynyň durky täzelenildi we täze binalary ulanylmaga berildi.
Täsin galdyrýan “Mollagara” şypahanasynyň hem durky täzelenildi. “Mollagara” şypahanasy uly meşhurlyga eýedir, bu ýerde saglygy berkitmek üçin täsin kölüň bejeriş palçyklaryndan peýdalanylýar.Howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutanyňda, “Baýramaly” şypahanasy böwrek kesellerini, şeýle hem ýürek-damar we aşgazan ulgamynyň kesellerini netijeli bejermek üçin täsirlidir.
Bu ýere gelýänler we dynç alýanlar üçin ajaýyp şertler döredildi şypahananyň täze binalary, onuň häzirki zaman lukmançylyk taýdan enjamlaşdyrylyşy, işgärleriň ýokary hünär derejesi bu merkeziň dünýäniň şunuň ýaly meşhur şypahana merkezlerine mynasyp bäsdeş bolup biljekdigine ynam döredýär.
Züleýha ORAZOWA,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşykinstitutynyň uly mugallymy.