Türkmenistan Şuşada TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Türkmenistan Şuşada TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar

13-14-nji oktýabrda Şuşada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Muny TÜRKSOÝ Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusufyň sözlerine salgylanyp, Report.az habar berdi.

Onuň sözlerine görä, mejlise 6 ýurduň — guramany esaslandyryjylar bolan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň medeniýet ministrleri gatnaşarlar. Däp bolşy ýaly, mejlisde TÜRKSOÝ tarapyndan ýerine ýetirilen işler ara alnyp maslahatlaşylar, 2024-nji ýyl üçin öňde duran wezipeler kesgitleniler we degişli çözgütler kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Aziz Sanjara Türk Dünýäsiniň Medeniýet lçisi Nyşany Gowşuryldy
Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwala taýýarlyk görülýär
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary