Türkmenistan stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistan stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýygyndysy 25 — 28-nji iýul aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde guraljak WTT Youth Contender Almaty atly halkara ýaryşyna gatnaşar.

Ýurduň ýygyndy toparynyň düzminde 10 türgen bolup, olaryň ählisi Aşgabat şäherindäki mekdeplerde bilim alýarlar.Topary Ylýas Allanazarow, Wepa Meredow (ikisi hem daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepden), Alibek Jumanow (Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinden), Islambeg Rozyýew (daşary ýurt dilerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 90-njy orta mekdepden), Dörtguly Allanazarow (1-nji orta mekdepden), Atahan Pigamow (42-nji orta mekdepden), Mukam Artykow, Nazim Durdyýew (ikisi-de 6-njy orta mekdepden), Bägül Begenjowa (daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 90-njy orta mekdepden) hem-de Medine Nurgeldiýewa (A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebinden) ýaly türgenler düzýär.

Türkmen ýygyndysy öňde boljak okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de halkara ýaryşyna Dawut Ýakubow bilen Raşid Ahmedowyň tälimçiliginde gatnaşýar.

Halkara ýaryşa 13 döwletden, şol sanda Taýwandan, Gonkongdan, ABŞ-dan, BAE-den, Italiýadan, Belgiýadan, Omandan, Eýrandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Gazagystandan 159 türgen gatnaşar.

11 ― 19 ýaşly türgenleriň arasynda geçiriljek ýaryşyň duşuşyklary Almaty şäherindäki ADD Ustel Tennis Ortalygy merkezinde guralar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan stol tennisi boýunça Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna saýlama ýaryş geçirildi
Türkmenistanly ýetginjek stol tennisçiler Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar
Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi
300 uçar satyn alar