Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararlary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
M.Öwezow Türkmenistanyň Aktau şäherindäki konsuly wezipesine 2016-njy ýylyň fewral aýynda bellenilipdi.