
Türkmenistan: Sport teleýaýlymy gysga wagtlyk tehniki arakesmeden soňra Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezmegini ýene-de dikeltdi.
Ýaýlym geçen hepdede Angliýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň çempionatlaryndan Lester Siti ― Mançester Siti, Braýton ― Çelsi, Arsenal ― Nottingem Forrest, Mançester Ýunaýted ― West Hem, Inter ― Sampdoriýa, Empoli ― Atalanta, Torino ― Milan, Werder ― Gerta we Aýntraht ― Borussiýa duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezdi.
Döwlet teleýaýlymynyň öz işine 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişendigini ýatladýarys.