Türkmenistan Sport Belgiýanyň Superkubogy üçin geçiriljek duşuşygy göni ýaýlyma berer

Türkmenistan Sport Belgiýanyň Superkubogy üçin geçiriljek duşuşygy göni ýaýlyma berer

Türkmenistan Sport teleýaýlymy Belgiýanyň Superkubogy üçin geçiriljek duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer.

Belgiýanyň çempiony Brýugge bilen ýurduň Kubogynyň eýesi Gentiň arasyndaky Superkubok oýny, 17-nji iýulda Brýugge şäherindäki Ýan Breýdel satdionynda bolup geçer. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanýar.

Ýeri gelende, şu ýyl Belgiýanyň Superkubogy üçin oýnuň 42-nji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Bu titul üçin her ýyl ýurduň çempiony we Kubogyň eýesi özara güýç synanyşýar. Çempionlygyň we Kubogyň ikisiniň hem bir topara nesip eden ýagdaýynda, Superkubok üçin Kubogyň finalynda ýeňlen topar göreş alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji gezek 1/8 finala çykdy
Ukrainaly futbolçy Belgiýa transfer boldy
Brýugge 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy
Çempionlar ligasynyň duşuşygynda "Bawariýa" "Barselonadan" üstün çykdy
Turkmenportal BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy
Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi