Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministr Fumio Kisida we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda bu gynançly waka zerarly duýgudaşlyk bildirdi.
Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.