Türkmenistan: Siliň netijesinde onlarça adam öldi

Türkmenistan: Siliň netijesinde onlarça adam öldi

Geçen aýda Ahal we Balkan welaýatlarynyň käbir obalarynyň üstünden geçen güýçli siliň netijesinde, beýleki maddy ýitgiler hem zaýaçylyklar bilen birlikde, onlarça adamyň ölendigi barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry ençeme çeşmesiniň tassyklamagyna görä, Baharly, Magtymguly we Serdar etraplaryna böwsüp gelen akymyň netijesinde azyndan 30 adam heläk bolupdyr.

Ýatladýarys, 10-njy awgustda Baharly etrabynyň Nohur, Garawul, Döwgala, Akdepe, Hankäriz obalaryny; Magtymguly etrabynyň Könekesir, Kürüjdeý, Hojagala, Aýydere obalaryny; şeýle-de Serdar etrabynyň Çukur, Jejirs we Jeňňelli obalaryny suw alypdy.

Get Adobe Flash Player

Embed code

Copy and paste the embed code below. The code changes based on your selection.

The code has been copied to your clipboard.

Video size

width

x

height

pixels

Ahalyň we Balkanyň obalaryny sil aldy

Share this video

https://www.azathabar.com/a/28720142.html

0:01:38

0:00:00

/0:01:38

Ýükle

270p | 4,7MB

360p | 7,8MB

720p | 17,5MB

1080p | 38,5MB

Şonda türkmen häkimiýetleri ýetip gelýän tebigy harasat barada aglaba çagalaryň dynç alyş merkezleri ýerleşýän, Arçabil etrabynyň käbir edaralaryndan başga ýerli ýaşaýjylara hiç hili duýduryş bermändiler.

Netijede, gürrüňi gidýän obalarda, ýokarda hem belleýşimiz ýaly onlarça adam silden heläk bolupdy; mundanam başga müňlerçe dowar harap boldy, elektrik we gaz liniýalary-da sandan çykdy.

Silden soň, harasadyň bolan ýerine harby gullugy geçýän esgerler we ýerli edaralaryň işgärleri ýollanyp, olar esasan dereksiz ýiten adamlaryň gözleg işlerine gatnaşypdyrlar.

Ýerli ýaşaýjylaryň gürrüň bermegine görä, sil wagty dereksiz ýiten bir zenan maşgala harasatdan dört günden soň tapylypdyr. Ol akymyň badyna düşen ulagyň aşagynda gabalyp galypdyr.

Bu aralykda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan ýerli ilat çeken ýitgileri üçin häkimiýetleriň hiç hili goldaw bermändiklerini nygtap geçdiler.

Gepiň gerdişine görä bellesek, türkmen resmileri bolan hadysa barada kelam agyz söz aýtmadylar. Türkmen mediasynda hem tebigy harasat, onuň netijeleri we ýitgileri barada hiç hili maglumat berilmedi.

Gaýtam tersine, ýerli resmilere bolan hadysa dogrusynda “hiç ýerde dil ýarmazlyklary” barada tabşyryk berendikleri aýdylýar.

“Iki kel toklymy suw aldy diýip, onda-munda gürlän bolaýma’ diýip, ýerli häkimligiň işgärleriniň biri haýbat atdy” diýip, özüniň atlandyrylmasyzlygyny soran we siliň netijesinde onlarça dowaryny ýitiren bir türkmenistanly gürrüň berdi.

Media azatlygy boýunça dünýäniň iň erbet ýurtlarynyň arasynda agzalýan Türkmenistanda habar serişdeleriniň esasan ýurt ýolbaşçysyny aşra galdyryp, ýerli ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada bolsa dymýandygyna üns çekilýär.

Ýene degişli makalalar

“Azatlyk” radiosy awgustda gelen siliň wideosyny çap etdi
Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy
Obalara gelen sil hakynda dymylyp, Aşgabada gelmedik sile sowalga gurulýar
Prezident Duşenbede geçirilýän suwly maslahata gatnaşýar, synçylar daşky gurşawa aladaly garaýar
Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni Türkmenistanda ýüzden köp adamyň ykbaly nämälim galýar
Aliýew: Trans-Hazar babatda gazy akdyrjak tarap netijä gelmeli