Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi.
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk biziň milli bähbitlerimize laýyk gelýär, sebit prosesleriniň barşyna we ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Çeşme: TDH