Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda "Talybanyň" wekillerini Aşgabada çagyrdy

Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda "Talybanyň" wekillerini Aşgabada çagyrdy

Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri, şol sanda ýurduň demirgazygyndaky Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän etraplaryny öz gözegçiligine geçirmeginiň arasynda, “Talybanyň” wekiliýeti Türkmenistana sapar edip, ýurduň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirdi.

Resmi Aşgabat - türkmen tarapynyň çakylygy esasynda amala aşan - sapar barada hiç zat habar bermedi. Ýöne Aşgabatdaky gepleşikler baradaky maglumatlary "Talybanyň" Katardaky resmi wekili Muhammet Naim tassyklady.Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine goşmaça güýçleri çekýändigini we tutuş ýurt boýunça ätiýaçdaky harbylaryň harby bölümlerine çagyrylýandygy barada habar berdiler.

Talybanyň Katardaky syýasy edarasynyň resmi wekili Muhammet Naim Azatlygyň habarçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde radikal hereketiň wekiliýetiniň Aşgabada eden saparyny tassyklady.

“Talybanyň resmi wekiliýeti Aşgabatda saparda boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde "Talyban" wekiliýeti bilen türkmen resmileriniň arasynda gepleşik geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy gatnaşyklar, şeýle-de howpsuzlyk we serhet meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Yslam emirligi hereketiniň wekillerini Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary garşy aldy" diýip, "Talyban" hereketiniň resmi wekili mälim etdi.

Ol radikal hereketiň wekiliýetine kimiň ýolbaşçylyk edendigini we türkmen tarapy bilen gepleşikleri takyk kimiň geçirendigini anyklaşdyrmady.

Emma Azatlygyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeleri 10-njy iýulda "Talyban" hereketiniň Katardaky syýasy edarasynyň başlygy Şer Muhammet Abbas Stanikzaýyň Aşgabat şäherine barandygyny habar berýärler. Çeşmelerimiziň biri delegasiýany Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewyň garşy alandygyny aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri radikal hereketiň wekilleriniň Aşgabat şäherine eden sapary barada şenbe güni habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, türkmen tarapy "Talybanyň" wekillerinden Aşgabada edilen sapary aýan etmezligi haýyş edipdir.

“Türkmenistanyň hökümeti "Talyban" wekilleriniň sapary baradaky hakykaty gizleýär. Mundan başga-da, türkmen tarapy "Talybandan" türkmen tarapynyň çakylygy esasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleri gizlin saklamagy sorady. Türkmen tarapy Kabuldaky resmi häkimiýeti gaharlandyrmak islemedi. Gepleşiklerde esasan agressiýa ýol bermezlik we bosgunlaryň bolup biläýjek akymynyň öňüni almak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Ýatlatsak, şu ýylyň fewralynda "Talybanyň" wekiliýeti türkmen hökümetiniň çakylygy esasynda Aşgabat şäherine gelipdi.

"Talyban" hereketiniň ýolbaşçylarynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary owgan-türkmen serhedinde ýagdaýyň agyrlaşýan, şol sanda Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri - ýurduň demirgazygyndaky Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryny - öz gözegçiligine geçirýän mahalyna gabat geldi.

Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlaryň howsalalydygyny” belläp, Ahaldaky harby bölümlerden owgan serhedine goşmaça güýçleriň iberilendigini aýtdylar. Şeýle-de, olar türkmen häkimiýetleriniň ilat bilen watançylyk ruhuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen gepleşikleri geçirýändigi barada hem habar berdiler.

Garaşsyz neşirler turkmen.news we "Türkmenistanyň Hronikasy" ýurduň Owganystan bilen serhedine agyr tehnikalaryň geçirilendigi barada habar berdiler.

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu maglumatlary ret edip beýanat ýaýratdy. Daşary işler ministrligi türkmen garaşsyz neşirlerine salgylanan rus metbugatyna nägilelik bildirdi.

Daşary işler ministrligi metbugaty "ýeňil şöhrata kowalaşyp, galp habar ýaýratmakda" aýyplap, "iki goňşy döwletiň we olaryň halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen-owgan serhediniň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup durýandygyny" aýtdy.

Beýanatda "Talyban" bilen Aşgabatda geçiriljek gepleşikler, şeýle hem Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde bolan çaknyşyklar barada hiç zat agzalmaýar. "Talyban" hereketi bu sebitlerde barha köp etraby öz gözegçiligine geçirýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary tutuş ýurt boýunça ätiýaçdaky harbylaryň harby bölümlerine çagyrylýandygy we olara harby gulluga çagyrylmak ähtimallygyna taýýar bolmalydyklary barada duýdurylýandygyny habar berdiler.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, “40 ýaşyna ýetmedik ätiýaçdaky harbylar harby bölümlerine çagyrylyp başlandy. Olara olaryň entek harby gulluga çagyrylmaýandygyny, ýöne taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylandygyny duýdurýarlar".

Lebapdaky habarçymyz hem, ätiýaçdakylaryň sanawlarynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi. Onuň sözlerine görä, harby komissarlyklaryň işgärleri güýçlendirilen tertipde işleýärler. Habarçy ilki bilen howa we tank güýçlerinde gulluk eden ätiýaçdakylaryň sanawlarynyň düzülendigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri Owganystanyň demirgazygyndaky ýagdaýlar, Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhet ýakasyndaky sebitlerde bolýan çaknyşyklar barada hiç hili kommentariýa ýa-da habar bermeýärler.

1-nji maýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçleri Owganystandan yza çekilip başlany bäri "Talyban" ýurduň onlarça etrabyny öz gol astyna geçirdi. 8-nji iýulda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Owganystandaky harby missiýanyň 31-nji awgustda doly tamamlanjakdygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hizbullahyň Täze Lideri Naim Kasym
Türkiýede Kitaphanaçylyk
Şeýh Naim Gasym: Sardar Soleimani Yslam dünýäsiniň şehitidir
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Türkmen studenti Täjigistanda ýol heläkçiliginde wepat boldy