Türkmenistan sazlaşykly haryt beýany we kodlaşdyryş ulgamyna goşyldy

Türkmenistan sazlaşykly haryt beýany we kodlaşdyryş ulgamyna goşyldy

Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi Sapar Palwanow duşenbe güni Brýusselde sazlaşykly haryt beýany we kodlaşdyryş ulgamy baradaky halkara konwensiýa Türkmenistanyň goşulmagy boýunça resminamany Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa gowşurdy.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň maksatnamalaryna, ýagny gümrük işgärleri üçin okuw mümkinçiliklerini berýän hünär ösdürmek maksatnamasyna gatnaşmagy boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Ilçi Sapar Palwanow diňe bir gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem gümrük we eksport-import amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän ýeke-täk penjire ulgamynyň Türkmenistanda işe girizilmegi ýaly ýurduň sanlaşdyrmak pudagynda kabul edilen çäreler barada gürrüň berdi.

Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we guramanyň ýurda tehniki kömek hem-de goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem Kunio Mikuriýa Türkmenistanyň Bütindünýä Gümrük guramasynyň sazlaşykly haryt beýany we kodlaşdyryş ulgamy baradaky halkara konwensiýasyna goşulmagynyň ýurt bilen guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has hem güýçlendirjekdigini nygtady.

Bütindünýä Gümrük guramasy dünýädäki gümrükhanalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleýän hökümetara guramadyr. Häzirki wagtda bu gurama Türkmenistan bilen birlikde 180 sany döwleti öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlaryny kabul etmäge taýýar
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
15-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Brýusselde Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp döredilen wideoýazgynyň görkezilişi boldy
Golland kompaniýalary Türkmenistana oba hojalyk sapary bilen gelmegi meýillşdirýärler
Türkmen diplomaty HÝAG-nyň Baş direktoryna Ynanç hatyny gowşurdy