Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna 707,5 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna 707,5 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

Russiýanyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik federal gullugynyň (Rosselhoznadzor) gözegçiligi astynda Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan 707,5 tonna (36 ýük tapgyry) goýun ýüňi import edildi. Bu barada Rosselhoznadzor penşenbe güni mälim etdi.

Şeýle-de Ulýanowsk oblasty ýylyň başyndan bäri Özbegistandan 66 tonna (3 ýük tapgyry) goýun ýüňüni import etdi.

Diňe iýul aýynda Russiýa Federasiýasynyň döwlet serhedindäki we ulagyndaky Döwlet gözegçilik gullugynyň, Çuwaş Respublikasy we Ulyanowsk oblasty üçin Rosselhoznadzor bölüminiň hünärmenleri Türkmenistandan gelen arassalanan goýun ýüňüniň 118 tonnasyny (6 ýük tapgyryny) barladylar.

Gözlegleriň netijelerine görä, ulaglar, gözegçilik edilen ýükler we ýanyndaky weterinariýa resminamalary Russiýanyň weterinariýa talaplaryna laýyk geldi.

Rosselhoznadzor Russiýada weterinariýa we oba hojalygy önümlerine gözegçilik edýän federal guramadyr. Bu gurama Russiýanyň Oba hojalyk ministrliginiň bir bölegidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Rosselhoznadzor Türkmenistandan satyn alnan ýüňleriň arassaçylyk kadalaryna laýyklygyny tassyklady
Türkmenistan Russiýa 700 tonnadan gowrak goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebitine 592 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyry eltildi
Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri Moskwa sebitine 5 müň tonnadan gowrak pomidor iberdi