Türkmenistan gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk forumyna taýýarlyk görýär. Bu mynasybetli 10-dan gowrak daşary ýurt liderleriniň, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putiniň we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýanyň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.
Media maglumatlaryna görä, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanşygy häzirki zaman parahatçylygyň we ösüşiň esasydyr” halkara forumyna, 10-dan gowrak döwletiň prezidentleriniň, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, TÜRKSOÝ we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Munuň bilen baglylykda, rus prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar diýip, rus media serişdeleri Kreml geňeşçisiniň sözlerini sitirledi.
Maglumata görä, Putin bu forumyň meýdançalarynda anna güni Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan bilen hem duşuşyp, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşar.
Rus resmisi beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle-de Mongoliýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň hem bu foruma gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän halkara parahatçylyk forumy, Russiýanyň öz goňşusy Ukrainanyň üstüne esassyz harby çozuşlary amala aşyrmagy dowam etdirýän wagtyna, şeýle-de Ýakyn Gündogarda dartgynlylyklaryň dowam edýän pursatlaryna gabat gelýär.
Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri daşary ýurtlarda bolup geçýän çaknyşyklar we harby dartgynlyklar barada öz halkyna maglumat bermeýär. Muňa garamazdan, esasan awtoritar ýurtlary öz içine alýan daşary ýurt hökümetlerini we awtoritar güýçleriň agalyk edýän halkara guramalaryny türkmen paýtagtyna çagyryp, halkara parahatçylygyny ileri sürýär.
Türkmen mediasyna görä, halkara forumyny üç ýerde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Ýyldyz” we “Garagum” myhmanhanalarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda, bu forumyň çäklerinde 800-den gowrak daşary ýurt žurnalistiniň hem Aşgabada gelmegine garaşylýar.
Türkmen media serişdeleri bahar aýlarynda bu halkara forumyna derek, Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň geçiriljekdigine yşarat edýän habarlary çap etdiler. Göz öňünde tutulýandygy habar berlen bu sammitiň dowamynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salgylanylyp, Türkmenistanyň Türki Döwlet Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna hem garaşylýandygy aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “TÜRKSOÝ” žurnalyna beren interwýusyna salgylanan bu habar hökümetçi “Orient” neşiri tarapyndan 4-nji martda çap edildi.
Türki döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini nazarlaýan TÜRKSOÝ guramasy 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragy ýyly hökmünde yglan etdi we Ahal welaýatynyň Änew şäherini Türki döwletleriň medeni paýtagty yglan etdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bahar aýlarynda, türk dünýäsi bilen bagly Änew şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy aýdylan halkara çäreleriniň fonunda, bu şäherde abadanlaşdyryş işleriniň güýçlendirilendigini habar berdiler, hatda ýerli häkimiýetler şol gabatlar türki döwletleriň paýtagty yglan edilen şähere Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň hem sapar etmegine garaşylýandygyny öňe sürdüler.
Türk prezidentiniň 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna gatnaşyp-gatnaşmaýandygy mälim däl.
Bu forumyň öňüsyrasynda, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki Anadoly habar agentligi sentýabr aýynda Aşgabatdaky türk ilçisine salgylanyp, Türkiýäniň Türkmenistany Türki Döwletleriň Guramasyna doly agzalyga ýene bir gezek çagyrýandygyny habar berdi.
Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türki Döwletleriň Guramasyna synçy agza boldy. Biraz soňra, 2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “nesip bolsa, Türkmenistanyň bu gurama doly agza boljakdygyny” aýtdy.
2024-nji ýyl Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly yglan edildi. Türkmen hökümeti bu mynasybetli bir topar medeni çäreleri guramalaşdyrdy.
Halkara jemgyýetçiliginden üzňelik syýasatyny alyp barýan bitarap Türkmenistan soňky ýyllarda Russiýa we Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrdy. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň prezident hökmündäki ilkinji resmi daşary ýurt saparyny 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna, ikinji daşary ýurt saparyny bolsa, Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.