Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň sişenbe güni Moskwanyň häkiminiň orunbasary, Ulag we ýol infrastrukturasyny ösdürmek müdirliginiň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi. Ýerüsti ulag infrastrukturasy, häzirki zaman şäher düzümler we akylly şäherleri döretmek ugrundaky hyzmatdaşlyk gepleşikleriň gün tertibine girizildi.
Moskwa şäheriniň häkiminiň orunbasary ulag howpsuzlygy, awtoulag duralgalaryny ýönekeýleşdirmek, uly şäherlerde elektron transport dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Moskwa şäheriniň häkimliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak mümkinçiligine garaldy.Rus tarapy öz gezeginde sanly tehnologiýalary ulanmak, “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynda ulag infrastrukturasyny döretmek, türkmen oba hojalyk önümlerini Moskwa ibermek üçin “ýaşyl geçelge” döretmek, yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga tarap ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň we Moskwanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik forumyny guramak ýaly meselelere garamagy teklip etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ykdysady, medeni we ynsanperwer pudaklardaky hyzmatdaşlygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Infrastrukturanyň we häzirki zaman şäherleşmegiň ösüşinde öňdebaryjy megapolis hökmünde tanalýan Moskwa bilen Türkmenistanyň giň we köptaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň giň gerimli mümkinçilikleriniň bardygy, özara peýdaly häsiýete eýedigi, Türkmenistan bilen Russiýanyň döwletara hyzmatdaşlygyna täze itergi berip biljekdigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen ýylyň maý aýynda dabaraly ýagdaýda “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy.