Türkmenistan rus bazarlaryna 17 müň tonna golaý pomidor eksport etdi

Türkmenistan rus bazarlaryna 17 müň tonna golaý pomidor eksport etdi

Türkmenistan Russiýanyň bazarlaryna pomidor üpjünçiliginiň möçberini ýylyň-ýylyna artdyrýar. 2023-nji ýylyň başyndan bäri bolsa Moskwa sebitine Türkmenistanda öndürilen pomidorlaryň 17 müň tonna golaýy ugradyldy.

Rosselhoznadzor-yň Moskwa we Tula sebitleri boýunça edaralarynyň hünärmenleri Türkmenistandan Moskwa sebitiniň çägine iberilen pomidor tapgyrlaryna karantin-fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdylar.

Bütin Russiýa Ösümlik Karantin Merkeziniň (FGBU VNIIKR) hünärmenleri bu önümleriň karantin-fitosanitar talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan barlaghana gözleglerini geçirdiler. Gözegçilikden üstünlikli geçensoň, pomidorlar erkin satuwa çykaryldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri Moskwa sebitine 5 müň tonnadan gowrak pomidor iberdi
Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyry eltildi
Türkmenistan Nowosibirsk sebitine 18 tonna pomidor eksport etdi
Rosselhoznadzor-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar
Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi