Türkmenistan: Repressiýa atmosferasy Aziýa oýunlaryny biabraý edýär

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň pozisiýasy Olimpiýa düzgünnamasyna ters gelýär

(Berlin, 2017-nji ýylyň 13-nji sentýabry.) Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylýan, Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça guralýan V Aziýa oýunlary Türkmenistanda adam hukuklarynyň aýylganç basgylanýan şertlerinde geçer diýip, şu gün adam hukuklaryny gorýana “Hýuman Raýts Wotç” we “Türkmen inisisatiwasy (AHTI) guramalary aýtdy.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň (MOKA) ýolbaşçylary Aşgabady adam hukuklary boýunça iň bolmanda bir problemany çözmäge itermek üçinem hiç bir tagalla etdmediler. 27-nji sentýabra çenli dowam edýän Oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryş geçiriler we olara Aziýanyň we Okeaniýanyň onlarça döwletinden türgenler gatnaşar.

“AOG Türkmenistanda adam hukuklarynyň basgylanyşy babatda şindem güň ediji şekilde dymýar diýip, “Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

Bu guramanyň Olimpiýa düzgünnamasynyň teoriýada berk goramaly ideallaryny hakykatda doly gözden salandygyny aýtsa bolar.”

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, oýunlara eýelik etmek we olaryň guramaçysy bolup çykyş etmek bilen, Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilen bäş sany kontinental assosiasiýanyň biri bolup durýar.

Ol özüniň “Olimpiýa düzgünnamasynda berkidilen ýörelgelere” eýermäge ygrarlydygyny jar edýär.Hususan-da bu gurama metbugat azatlygyny we adam mertbesini özüne birleşdirýän olimpiýa hereketleriniň ähli sport federasiýalarynyň eýermeli gymmatlygy hökmünde tassyk edýär.

Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň hataryna girýär.Bu ýurduň hökümeti jemgyýetdäki durmuşyň ähli gatlagyna uzak ýullaryň dowamynda berk gözegçilik etmek we resmi ugur-ýoluň sähelçe tankydy üçin hem gazaply ýanamak praktikasy bilen tanalýar.

Türkmen häkimiýetleriniň oýunlara taýýarlyk döwründe hökümete at-abraý getirer diýen tama bilen gören çäreleri olary ýurduň raýatlarynyň adam hukuklaryny has-da kän bozmaga we çäklendirmäge alyp geldi.

Hökümet Oýunlaryň öňüsyrasynda ýurda gelmek we ýurtdan gitmek boýunça ýene goşmaça çäklendirmeleri girizdi, Türkmenisyanda saklanyp galan az sanly garaşsyz žurnalistleriň biri babatyndaky gysyşlar we haýbat atmalar güýçlendi. Şeýle-de häkimiýetler, belki-de daşary ýurtly žurnalistleri hem nazara alyp, myhmanlaryň oýunlardan geçýän ýerinden, şol ýerdäki otellerden we restoranlardan başga ýerlere gitmekçi bolsalar, ýanlaryna hemişe “ýolbelet” almaly boljakdyklaryny yglan etdi.

Mundanam başga häkimiýetler Oýunlaryň geçýän döwründe Aşgabatdaky mekdepleri ýapdy.

Hökümet öz raýatlary bilen daşary ýurtly myhmanlaryň duşuşmazlygy, gürleşmezligi üçin elde baryny edýär. Maglumatlara görä, häkimiýetler soňky hepdelerde Oýunlaryň geçjek ýeriniň daş-töweregini bagladylar. Belki-de bu howpsuzlyk aladalary sebäpli edilendir, emma bu görlen çäreler netijesinde daşary ýurtly myhmanlar ýerli ýaşaýjylardan has-da beter üzňeleşdiriler.

“Aziýa oýunlary bu Olimpiada däl, munuň üçin adatdan daşary çärelere ýüz urmagyň zerurlygy ýok diýip, Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin aýdýar. Türkmen hökümetiniň Oýunlar döwründe hem, başga ýagdaýlarda hem öz raýatlarynyň garşysyna beýle ýowuz çäklendirmeleri girizmegine asla gerek ýok”.

Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok.Häkimiýetler garaşsyz pozisiýa eýeleän ýa-da daşary ýurt metbugatyna maglumat berýän žurnalistleri indi uzak ýyllardan bäri gözenegiň arkasyna oklaýar, gorkuzmalara we gysyaşlara sezewar edýär ýa-da ýurdy terk etmäge mejbur edýär.

Metbugat azatlygy Olimpiýa düzgünnamasynyň sütünlik daşlarynyň biri bolup durýar. “Hýuman Raýts Wotç” we “Türkmen inisiatiwasy” guramalary Aziýanyň Olimpiýa geňeşine birnäçe gezek hat ýollap, AOG-nyň Oýunlar döwründe metbugat azatlygyny üpjün etmek üçin görjek çärelerini sorady.

Emma bu soraga hiç hiç hili jogap berilmedi.AOG-nyň ýolbaşçylary biziň hökümetiň öňünde garaşsyz žurnaliste fiziki öç almak haýbatynyň atylmagy bilen bagly mesele goýmak baradaky çagyryşymyza hem jogap bermedi.

“Türkmen häkimiýetleriniň her edip, hesip edip, Oýunlara gelýän žurnalistleriň Türkmenistanyň adaty raýatlaryny görmeginiň ýa olar bilen gürleşemginiň öňüni baglajak bolmaklaryna geň galyp oturasy iş ýok diýip, Farid Tuhbatullin aýdýar. Hökümet daşary ýurtlylaryň ýurtda adam hukuklarynyň hakykatda nähi basgylanýandygyny öz gözleri bilen görmegini asla islemeýär”.

Häkimiýetler ýurtda ýyganayşmak, pikir aýt mak we din azatlygyna hiç hili ýol bermeýärler. Ýurt islendik görnüşdäki garaşsyz monitoring üçin ýapyk, az sanly garaşsyz aktiwistler bolsa, hemişe ýanalmagyň nyşanasy bolmak töwekgelliginde ýaşaýar we işleýär.

Hökümet aktiwistleriň, syýasy emigrantlaryň garyndaşlarynyň we beýleki adamlaryň ýurtdan çykmagyna köplenç eden-etdilikli gadaganlyk girizýär, şeýle-de daşary ýurtly žurnalistleriň, hukuk goraýjylaryň we adam hukuklaryna gözegçilik edijileriň ýurda gelmegini gadagan edýär.

Türkmen türmelerinde onlarça adam zorlukly ýitirim bolmaga sezewar edildi.

Gomoseksusual gatnaşyklary jenaýatçylyk hökmünde yzarlanýar, geýle gysyşlara we gorkuzmalara sezewar edilýär.

Häkimiýetler Oýunlaryň birnäçä ýyl öňünden paýtagtyň arhitektura keşbini abadanlaşdyrmak proýektleriniň çäginde müňlerçe ýaşaýyş jaýyny ýykdylar.

AHTI we “Hýuman Raýts Wotç” guramalary emläk eýeleriniň bikanun ýagdaýda öz emläklerinden mahrum edilişiniň, olara adalatly kompensasiýa berilmezliginiň köp sanly mysalyny dokumentleşdirdi we bu mesele boýunça hökümete, şeýle-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşine hat üsti bilen ýüzlendi, emma hiç bir jogap almady.

Olimpiýa şäherçesi, hasaplamalara görä, 5 milliard ABŞ dolalryna düşdi, Oýunlara gabatlanyp gurlan täze halkara aeroporty 2,3 milliard ABŞ dollaryna düşdi.Türkmenistandaky bir ynamdar çäşmäniň maglumatyna görä, bularyň üstüne ýene birnäçe million dollary ýüklemek bolar. Şol bir wagtda-da ýurt ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýär.

Hökümet Aziýa oýunlarynyň Türkmenistan üçin “sport arkaly özüni dünýä açmaga” ajaýyp mümkinçilik berýändigini birnäçe gezek dile getirdi.

“Hökümeti dünýä açýan ýeke-täk zady bu onuň öz halkyna nähili ýowuz daraşýandygyny görkezmegidir diýip, reýçel Denber aýtdy. Özem muny, her näçe kän geçirilse-de, sport baýramçylyklarynyň dabara-şowhuny bilen örtmek mümkin däl. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň eýeleýän pozisiýasynyň olimpiýa gymmatlyklarynyň şeýle basgylanmagyna ýol bermegi juda lapykeç edýär”.

Türkmenistan boýunça ähli materiallar: https://www.hrw.org/ru/europe/central-asia/turkmenistan

Goşmaça maglumatlar üçin ýüz tutuň:

Wenada: Farid Tuhabatullin +43-699-194-41-327; turkmen.initiative@gmail.com

Ženewada: Reýçel Denber +1-917-916-1266; denberr@hrw.org (русск.)

Twitter @rachel_denber

Ýene degişli makalalar

The Guardian: HOK Türkmenistanyň sporty zalymlygy kanunlaşdyrmak üçin ulanmagyna göz ýumýar
Türkmenistan: Žurnalistden fiziki öç almak haýbatlary
HRW, AHTI: Repressiýa Aziýa oýunlaryna kölege salýar
HRW-yň we AHTI-niň hasabaty: Adamlary hususy jaýlaryndan göçürýärler, kompensasiýa bermeýärler
HRW, TI AOG-ny žurnalist Açylowanyň ýanalmagyna reaksiýa bildirmäge çagyrýar
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar