Türkmenistan: Raýatlaryň konwertasiýa edip bilýän pulunyň möçberi iki esse azaldyldy

Türkmenistan: Raýatlaryň konwertasiýa edip bilýän pulunyň möçberi iki esse azaldyldy

13-nji dekabrdan Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky walýuta alyş-çalyş amallaryna, ýagny türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmäge täze düzgünleri girizdi. Bu düzgünler, esasan, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentlere we ýurduň daşynda saglyk bejergisini almaga mätäç raýatlara degişli diýip, “SNG TODAY” neşiri habar berýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynda Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine studentler we näsaglar barada hiç zat aýtmadylar, ýöne olar adaty raýatlaryň ählisiniň bir aýda indi 500 amerikan dollary möçberindäki türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilýändigi baradaky maglumaty tassyk etdiler.

“Daşary ykdysady iş bankynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, studentiň daşary ýurduň ýokary okuw jaýynda okaýandygyny tassyklaýan resminamalar bolsa, onda student ýa-da onuň ýakyn dogan-garyndaşlary bir ýylda 12 000 amerikan dollary möçberindäki türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilýär.

Puluň gelip çykýan çeşmesini görkezmek talap edilmeýär.Raýatlar her aý 1000 amerikan dollaryny daşary ýurtda okaýan studentiň halkara VISA ýa-da MasterCard-na hem ugradyp bilýärler. Şeýle-de, olar munuň üçin “WesternUnion” ýa-da “MoneyGram” kompaniýalaryndan hem peýdalanyp bilýärler” diýip, “SNG TODAY” neşiri özüniň Türkmenistandaky habarçylaryna salgylanyp ýazýar.

Aýdylmagyna görä, raýatyň ýurduň daşynda saglyk bejergisini almalydygy barada Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi tarapyndan berlen resminama bolsa, onda raýat 20000 amerikan dollaryna çenli möçberdäki türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilýär. Ýöne bu ýagdaýda agzalýan möçberdäki pul serişdesi resminamada görkezilen saglyk edarasynyň bank hasabyna ugradylýar.

Mundanam başga, daşary ýurtlarda saglyk bejergisini almaga mätäç türkmenistanlylar bir ýylda 12000 amerikan dollary möçberindäki türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilýär. Olar her aý 1000 amerikan dollaryny halkara VISA ýa MasterCard bank kartyna geçirip, ýa-da “WesternUnion” we “MoneyGram” halkara kompaniýalaryndan hem peýdalanyp bilýärler.

Azatlyk Radiosynyň 14-nji dekabrda paýtagtdaky Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankyna baryp gören çeşmesi bankda studentleriň ýa-da näsaglaryň pul çalyşmak düzgünleri barada hiç bir maglumat berilmeýändigini, ýöne adaty raýatlaryň bir aýda türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilýän pul serişdesiniň möçberiniň iki esse azaldylandygyny aýtdy.

“Bank resmileri 13-nji dekabrdan başlap adaty raýatlaryň 500 amerikan dollaryny satyn alyp, bank hasaplaryna geçirip bilýändigini aýtdylar.Bu öň 1000 amerikan dollaryna barabardy.Studentleriň we näsaglaryň pul çalyşmak düzgünleri barada hiç zat aýtmadylar.

Bu baradaky düzgünnamany ýa-da Merkezi bankyň görkezmesini hem görkezmediler. Ýöne haçan-da müşderiniň adyny bank sistemasyna ýazanlarynda, awtomatik görnüşde raýatyň 500 dollar möçberindäki türkmen manadyny konwertasiýa edip bilýändigi görkezilýär” diýip, Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran, ýagdaýdan habarly çeşmesi gürrüň berdi.

Şeýle-de, Azatlygyň çeşmesi şu günler Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň resmileriniň öz bank hasaplarynda belli bir möçberde daşary ýurt walýutasyndaky pul serişdesi toplanan müşderilerine jaň edip, olaryň bu serişdäni her edip-hesip edip harçlamagy talap edip başlaandygyny sözüniň üstne goşdy.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda 2016-njy ýylyň ýanwaryndan dollaryň resmi söwdasy doly ýatyrylany bäri, türkmenistanlylar resmi kurs arkaly türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna diňe çäkli möçberde konwertasiýa edip, ony daşary ýurtlaryň bankomatlarynda nagtlaşdyryp bilýärler. Dollaryň “gara bazardaky” nyrhy bolsa barha ýokarlanyp, häzirki gün 10 manada çenli ýetdi.

Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň girizen täze düzgünleri daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň VISA kartlaryny ulanyp bilmeýändigi we türkmen banklarynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri sebäpli halkara töleg sistemasy bolan VISA-nyň türkmen banklaryna hyzmat etmegini togtadandygy barada habarlaryň ýaýramagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bu maglumatlardan soň, Visa kompaniýasy türkmen kartlaryna hyzmat etmegini togtadandygy we türkmen banklarynyň halkara töleg sistemasynyň öňünde bergisiniň bardygy hakynda çykan habarlary ret edip beýanat ýaýratdy.

Azatlygyň çeşmeleri transaksiýalaryň Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň ýanyndaky Visa kartlary boýunça amallary dolandyrýan merkez tarapyndan togtadylandygyny anyklaşdyryp, olar türkmen banklarynyň Visanyň öňünde bergileriniň bardygyny tassyklamaklaryny dowam etdirýärler.

Belläp geçsek, türkmen raýatlary VISA bank kartlary arkaly daşary ýurtlarda bir gije-gündiziň dowamynda 50 dollary nagtlaşdyryp, 200 dollar möçberinde nagt däl amallary amala aşyryp bilýärler.

Bu aralykda, Azatlygyň ýagdaýdan habarly Türkiýedäki çeşmesi iki hepde çemesi wagtdan soň, 13-nji dekabrda bir türkmenistanlynyň VISA kartyndan 50 amerikan dollaryny nagtlaşdyryp bilendigini, ýöne beýleki türkmen raýatlarynyň henizem bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýändigini gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda häzire çenli haýsydyr bir kommentariý bilen çykyş etmän gelýärler.

Ýene degişli makalalar

“Wero” töleg hyzmaty işe giriziler
Bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmakda alyş-çalyş amallarynyň orny
Daşary ýurtlardaky kollejlerde okaýan türkmen studentlerine pul ibermek gadagan edildi
“Azatlyk”: Türkmenistanda kollež studentlerine pul ibermek gadagan edildi
“MoneýGramyň” Aşgabatdaky ofisi ýapyldy
Bankdan pul ugratmagyň we öýlerde ölçeýjileri oturtmagyň arasynda nähili baglanyşyk bar?