Türkmenistan: Pensiýa ýaşyna ýeten býujet işgärlerini işden boşatmak teklip edilýär

Türkmenistan: Pensiýa ýaşyna ýeten býujet işgärlerini işden boşatmak teklip edilýär

Türkmenistanyň bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudakalaryndaky edara-kärhanalara pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri işden boşatmak hakynda görkezme berýän teklip hatlary ugradylyp başlandy.

“Bu hatlar edara ýolbaşçylaryna barýar. Özem şolarda näçe adam işleýän bolsa, olaryň arasynda pensiýa ýaşyna ýetip, hem pensiýa alýan, hem-de aýlyk alýanlary işden boşatmak teklip edilýär.Bu hatlar iň ýokary derejede, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň adyndan iberilýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew medeniýet, saglygy saklaýyş we bilim pudaklarynda ýolbaşçy wezipelerinde işleýän türkmen resmileriniň käbirlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Bugaýewiň tassyklamagyna görä, noýabr aýynyň ilkinji hepdesinden, döwlet edara-kärhanalaryna ugradylyp başlanan bu hatlaryň netijesinde, medeniýet, aň-bilim we saglygy saklaýyş pudaklarynda işleýän pensiýa ýaşyna ýeten işgärleriň onlarçasyna ýanwar aýynda olaryň işden boşadylmagynyň mümkindigi barada duýduryldy.

Agzalýan hatlarda pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri işden boşatmak hakynda teklip edilmegiň sebäpleri barada ýazmaça düşündiriş berilmeýär. Dilüsti bilen berilýän düşündirişde-de, pensiýa ýaşyna ýetenleriň zähmet dynç alşyna gitmelidigi, olaryň deregine ýaş hünärmenleriň işe alynmalydygy aýdylýar.

Ýöne aşgabatly synçy Türkmenistanyň pensiýa hakyndaky kanunçylygynda pensiýa çykan adamlaryň işden boşadylmalydygy hakynda hiç zat aýdylmaýandygyny belläp, bu hatlaryň häzir ýurtda hereket edýän kanunçylyga gapma-garşy gelýändigini nygtaýar.

“Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen kanunçylykda, pensiýa çykan adamlaryň işden boşadylmalydygy hakynda ýekeje-de madda ýok.Tersine, ol ýerde has uly düşündiriş bar. Şol düşündirişde-de, pensiýa çykanlaryň däl-de, eýse, 65 ýaşyna ýetenleriň, ýagny üç ýyl mundan ozal pensiýa çykanlaryň ýolbaşçy işlerde işläp bilmejekdigi hakynda aç-açan ýazylýar. Ýöne özüniň işleýän zähmet kollektiwinde galyp, tä özi meýletin isleg bildirýänçä, iş ýerinde işläp bilýär.

Bu zatlar pensiýa ýaşyna üýtgetmeler girizilen kanunçylykda aç-açan ýazylan.Ynha, häzirki ugradylýan hatlar ozal kabul edilen kanuna ters gelýär” diýip, Bugaýew belledi.

Galyberse-de, ol pensiýa ýaşyna ýeten käbir işgärleriň edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň bu haty öz göwnünden turmaýan işgärleri işden boşatmak üçin “ar alyş guraly” hökmünde ulanmagyndan alada edýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň pensiýa hakyndaky kanunçylygynda, ýurtda aýallaryň pensiýa ýaşy 57 ýaş, erkek adamlaryňky 62 ýaş diýlip kesgitlenilýär.

Döwlet edara-kärhanalarynyň käbir ýolbaşçylarynyň Azatlygyň ýerli çeşmelerine aýtmagyna görä, häzir Türkmenistanyň bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudaklaryndaky işgärleriň 20-25 prosentini pensiýa ýaşyna ýeten spesialistler emele getirýär we olar işden boşadylsa, onda bu işgärleriň ýerini doljak taýyn hünärmenler ýetmezçilik edýär.

Mundanam başga, Bugaýew ýurtda taýyn hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigine, welaýat we şäher gazetlerinde her üç aýda bir çap edilýän bildirişleriň hem şaýatlyk edýändigini, olarda dürli etrapdyr şäherlerde bilim we saglygy saklaýyş pudaklaryna degişli işgärleriň onlarçasynyň işe alynjakdygy barada yglan edilýändigini aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, bu maglumatlar ýurduň nebit-gaz we suw hojalygy pudaklarynda iş orunlarynyň kemeldiljekdigi barada eýýäm azyndan alty kärhananyň işgärlerine duýduryş berlendigi baradaky habarlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

14-nji noýabrda Azatlygyň ýerli çeşmeleri “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan Barsagelmezdäki hem-de Goturdepedäki, şeýle-de “Gamyşlyjanebit” hem-de “Gumdagnebit” atly nebit çykarýan kärhanalarda işgärleriň onlarçasynyň 1-nji ýanwardan başlap işden boşadyljakdygy barada habarly edilendigini gürrüň berdiler.

Ýatlap geçsek, ýurtda käbir pudak kärhanalarynyň sanynyň we iş orunlarynyň kemeldilmegi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy saklaýyş we derman senagaty hem-de Medeniýet ministrlikleri bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy. Bu barada türkmen mediasynda hem häzirlikçe mesele gozgalmaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan: Nebit-gaz we suw hojalyk pudaklarynda iş orunlary kemeldilýär
Balkanda mugallymlar, saglyk we nebit-gaz pudagynyň işgärleri oktýabryň aýlygyny alyp bilmeýär
Balkanda býujet işgärlerinden şugundyr, bugdaý we bak ekmek üçin pul ýygnamak dowam etdirilýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda abatlanan guýulardan 10 müň tonna golaý nebit çykaryldy