Türkmenistan Pariždäki Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistan Pariždäki Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasyna gatnaşdy

26-njy noýabrda Parižde Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 175-nji sessiýasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Sessiýanyň açylyşynda HSB-niň komitetleriniň hasabatlaryny öz içine alýan Gün tertibi tassyklandy. Gün tertibiniň çäginde wekiliýetleriň golaýda geçiriljek halkara sergilerine taýýarlyk işleriniň gidişi barada diňlenildi.

Sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen gysga duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen guramanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda meýilleşdirilýän Halkara sergiler býurosynyň dolandyryş we býujet komitetiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisine taýýarlyk meselelerine hem garaldy.

Kerkentzes, türkmen tarapyna hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek isleýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, HSB-niň sekretariatynyň netijeli işlerini bilelikde dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekilleri Halkara Sergiler býurosynyň tejribesini öwrenýärler
Türkmen wekilleri Halkara Sergiler býurosynyň okuw maslahatyna gatnaşdylar
PRESS RELEASE: Seventh Project Steering Committee Meeting EU Education Project
Series of Lectures on Global growth, December 2019
Ýurdumyzda öndürilýän önümler halkara bazarda eýeleýän ornuny berkidýär
15.04.2020 | Ýurdumyzda öndürilýän önümler halkara bazarda eýeleýän ornuny berkidýär