Türkmenistan parahorlyk boýunça reýtingde 180 ýurdyň arasynda 169-njy oruna düşdi

Türkmenistan parahorlyk boýunça reýtingde 180 ýurdyň arasynda 169-njy oruna düşdi

Parahorlyga garşy göreş boýunça hökümete degişli bolmadyk “Transparency Interneşenel” guramasy nobatdaky ýyllyk barlagyny çap etdi.

Türkmenistan öňkiler ýaly bu ýylam 19 ball aldy. Emma,owal 165 oruny eýelän bolsa, bu ýyl 169 oruna düşdi. Sebäbi,onuň sanawdaky goňşylarynda ösüş boldy.

Türkmenistan bilen deň baly Burundi we Kongo aldy.

Türkmenistanyň sebitdäki goňşylary juda azdygyna garamazdan,biraz köp ball aldylar. Gazagysan (32 ball) bilen 102, Özbegistan (28) ball bilen 140,Gyrgyzystan (27) ball bilen 144, Täjigistan (25) ball bilen 150 orunlary eýelediler.

Sanawda Daniýa, Finlandiýa, Täze Zelandiýa, Norwegiýa, Singapur we Şwesiýa däp boýunça iň öňdäki orunlary eýelediler.

Parahorlugyň iň ösen ýurtlary Owganystan, Demirgazyk Koreýa, Ýemen, Wenesuela, Somali, Siriýa we Günorta Sudan.

Sanawdaky ýurtlaryň we territoriýalaryň döwlet pudaklaryndaky parahorlygyň derejesi ekspertleriň beren bahalary we telekeçiler bilen geçirilen pikir soralyşyklar esasynda kesgitlendi.The post Türkmenistan parahorlyk boýunça reýtingde 180 ýurdyň arasynda 169-njy oruna düşdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telewideniýesi aglap 'toba edýän' ozalky azyk resmilerini görkezdi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Oba hakykaty: Adamlar çykalgany lapykeçliklerini aýtmakda görýärler
Berdimuhamedow korrupsiýa garşy programma işläp düzmegi tabşyrdy