Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirýär.

Ajaýyp zamanamyzda ykdysadyýetimiziň ösüşine täsir edýän özgertmeler barha öňe ilerleýär. Döwlet durmuşynyň ähli pudaklaryny kämilleşdirmeklige we depginli ösdürmeklige, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin oňyn şertleri döretmeklige, raýatlaryň netijeli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin amatly şertleri üpjün etmeklige gönükdirilen işler aýdyň netijesini berýär.

Geljek, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy halkara derejede giňden bellenip geçiler. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa geljek ýylyň hem şöhratly wakalara baý boljakdygyny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. 2025-nji ýylyň şygary hem halklary parahatçylygyň hatyrasyna ynanyşmak bilen öňe ilerlemegiň iň wajyp wezipedigini beýan etmek bilen, esasy gymmatlyklaryň daşynda umumy supranyň başyna jemlär.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň: Biz daşary syýasatymyzda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň oňyn bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek meselelerine uly orun berýäris diýip belleýşi ýaly, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri umumadamzadyň ösüşi we abadançylygy baradaky alada ýugrulandyr.

Sebit we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek daşary syýasatymyzyň özenini düzýär.Paýtagtymyz Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň geçirilmegi hem-de oňa birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagy Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Halkymyzyň beýik gymmatlygy we taglymaty bolan Bitaraplyk hukuk derejämiziň özeninde parahatçylygy pugtalandyrmak, dostlugy berkitmek, goňşy we beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşmak ýaly milli ýörelgelerimiz durýar. Bu asylly ýörelgeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä halklarynyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň hatyrasyna täze öwüşginde dabaralanýar.

Agzybirlikden döwlet tapýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak, ynsany mertebelemek ýaly milli ýörelgelerine esaslanýan häsiýetleri döwletimiziň nusgalyk içeri we daşary syýasatynda mynasyp orun alýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň we başlangyçlaryň halkara guramalar hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň uly ykrarnama eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany atly goşgusyndaky: Hoşniýetli dost ili biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk saýlan aýdyň ýolumyz!diýen çuňňur manyly sözler dünýä halklary bilen dostluk köprüsini gurýan, dost-doganlygy baýdak edinýän ata Watanymyzyň, BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň şan-şöhratyny täze belentliklere göterýär. Çünki berkarar ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde giňden tanalýar.

Babageldi SEÝDIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň şamçyragy
Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi