Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de halkara maslahata gatnaşdy
Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen özgertmeler strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabat döwrebap, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemläp, sebit hem-de dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär.
Barha gözelleşýän türkmen paýtagty bu gün Aziýanyň hakyky merjenine öwrüldi.Munuň özi aşgabatlylaryň we ähli türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar.Her ýyl onuň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täsin binalar hem-de desgalar bilen ýetirilýär.
Olar şäheriň özboluşly ýüzüne, täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlaryna öwrülýär. Şolaryň hatarynda şu hepdede ulanylmaga berlen “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň belent edara binalary bar. 14-nji aprelde bolsa Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi.
Bu taryhy mejlisiň barşynda milli Liderimiz Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.
Şu gün şol uly sanawyň üsti Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi bilen ýetirildi. Bu täsin desgalary gurmak ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meşhur “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, döwletara derejede hem-de abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat dürli halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýagdaý Maslahatlar merkeziniň hem-de Kabul ediş merkeziniň taslamasy düzülende we gurlanda, olaryň tehniki üpjünçiliginde esasy ugur hökmünde kesgitlenildi.Bu ýerde halkara maslahatlary we duşuşyklary, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklary guramak we geçirmek, daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin zerur şertler döredildi.
Bu desgalaryň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilmeginiň çuň manysy bardyr. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan beýleki täze, ajaýyp desgalar bilen birlikde, olar Köpetdagyň etegindäki tebigy landşaft bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döredýär.
...Dabaranyň başlanmagyna hemme zat taýýar edilipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Maslahatlar merkeziniň öňündäki meýdançada dünýäniň halklarynyň dostlugyny hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alamatlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, Maslahatlar merkezi dabaraly ýagdaýda açylýar.
Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär we täze desga bilen tanyşýar.
Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir.
Maslahatlar merkezinde ähli şertler döredildi, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklarydyr gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin bu merkez öňdebaryjy kompýuter we beýleki tehniki enjamlar, sanly tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.
Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da bu ýerde 403 orunlyk multimediýa zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar.
Maslahatlar merkeziniň içki bezeginde häzirki zaman suratkeşleriniň nakgaş eserleri ulanyldy, şeýle hem ussat halyçylarymyzyň dokan guş gölli halylary binanyň otaglaryna aýratyn görk berýär. Bularyň ählisi reňkleriň köpöwüşginliligi bilen birlikde, binanyň bezegine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Maslahatlar merkeziniň hem-de onuň golaýynda ýerleşen Kabul ediş merkeziniň ägirtligi haýran galdyrýar. Olaryň keşbinde häzirki zaman binagärligi we bezeg ýörelgeleri gadymy milli binagärligiň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Binalaryň öň tarapyny ak reňkli sütünler we altynsow witražlar bezeýär. Binalara ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda gurluşyk taslamalary işlenip taýýarlananda we durmuşa geçirilende, bag ekmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä uly üns berip, diňe bir estetiki babatda däl, eýsem, ekologiýa nukdaýnazaryndan hem onuň ähmiýetini belleýär.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, täze Maslahatlar merkezinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Milli Liderimiz zala barýar. Şol ýerde ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Halkara forum dabaraly ýagdaýda açyk diýip yglan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de hemmeleri täze Maslahatlar merkeziniň binasynda gutlap, bu ajaýyp binanyň halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança boljakdygyny belledi.
Hut şu binada dürli döwletleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň, belli syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda şeýle möhüm mesele boýunça ilkinji gezek duşuşyk geçirýändigimiz aýratyn bellärliklidir diýip, milli Liderimiz duşuşygyň işiniň üstünlikli bolmagyna goşant goşmaga taýýardyklary üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirdi.
Siziň pikirleriňize we garaýyşlaryňyza ýokary baha berýäris we olar biziň üçin gymmatlydyr hem-de siziň pikirleriňiziň geljekde hem netijeli dünýä gün tertibini durmuşa geçirmäge hemmämize ýardam berjekdigine ynanýaryn diýip hormatly Prezidentimiz belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Bu çözgüt Milletler Bileleşiginiň döwletara hyzmatdaşlygyň depginlerine netijeli goldaw bermäge, halkara hukugyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna daýanmak bilen, gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak esasynda guramak üçin degişli şertleri üpjün etmäge gyzyklanmasyny alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda bu maksatlar möhüm ähmiýete eýedir hem-de ylalaşykly hereketleri talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy, ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň iň ýokary ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şeýle usulda hereket etmek bilen, ýurdumyz bar bolan meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek, sebit we ählumumy derejedäki wehimleriň öňüni almak hem-de olara öz wagtynda çäre görmek üçin bitaraplygyň gurallaryny, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagy teklip edýär.
Milli Liderimiz syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplyk syýasatynyň häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere — halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigine ynam bildirdi.
Soňky wagtlarda bu wehimlere täze howplar — kiberjenaýatçylyk, kanunçylyga boýun egmezlik, BMG-niň ornunyň hem-de wezipeleriniň ähmiýetini peseltmäge synanyşyklar, hukuk goraýyş meselelerini belli bir bähbitler üçin peýdalanmak ýaly howplar goşuldy.
Şunuň bilen baglylykda, biziň pikirimizçe, bu meseleler boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri netijeli ugra gönükdirmek üçin Türkmenistanyň teklip edýän çäreleri möhümdir.Hususan-da, biziň ýurdumyz soňky ýyllarda BMG-niň meýdançalarynda durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edip, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda yzygiderli ýagdaýda anyk çäreleri teklip edýär.
Bu başlangyçlara Milletler Bileleşigi tarapyndan barha anyk düşünilýändigi hem-de biragyzdan giň goldawa eýe bolýandygy guwançly ýagdaýdyr.
Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, bitaraplyk syýasatynyň gurallarynyň peýdalanylmagynyň uly mümkinçiliklere eýedigine dünýäde barha oňyn baha berilýändiginiň möhümdigini belledi.
Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri — parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, netijeli hyzmatdaşlyga hem-de özara düşünişmäge, ýüze çykýan meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge, harby güýji ulanmazlyga, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna hormat goýmaga ygrarlylyk halkara bileleşigiň hem-de onuň düzümleriniň bähbitlerine we gyzyklanmalaryna barha uly derejede kybap gelýär.
Birnäçe ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dünýäniň syýasy senenamasynda täze senäniň — 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň peýda bolmagy tötänleýin däldir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe degişli Kararnamalary biragyzdan hem-de birnäçe gezek kabul edendigi bitaraplyk syýasatynyň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Eýýäm 20-den gowrak döwletiň BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlaryň toparyny döretmäge goşulandygy guwandyryjy ýagdaý bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Biziň ýurdumyz tarapyndan halkara meseleleri kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny düzmek işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde geçen ýyl guralan çäreler bitaraplyk nazaryýetiniň we tejribesiniň ösdürilmegine möhüm goşant bolup, döwletara hyzmatdaşlygyň bu nusgasyna gyzyklanmalary artdyrdy.
Biz häzirki wagtda türkmen Bitaraplygynyň, hakykatdan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada strategik maksatlary ygtybarly durmuşa geçirmegiň, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda sebitleýin we halkara, köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde çykyş edýändigine buýsanýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan dünýä bileleşigine şu möhüm ugurlarda tagallalary birleşdirmegi hem-de bu meselelere aýratyn üns bermegi teklip edýär.
Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz halkara hukugy pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda BMG-niň eýeleýän esasy ornuny tassyklamak; hukuk äsgermezçiligine hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna biperwaý çemeleşilmegine garşy durmak; strategik durnuklylygy saklamak we pugtalandyrmak hem-de onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan ýaragsyzlanmak, ýarag serişdelerini artdyrmakdan, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmakdan ýüz döndermek hereketini goldamak; halkara terrorçylyga hem-de serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreş boýunça wezipeleri kesgitledi.
Şunda BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny ornaşdyrmak; jedelleri we çaknyşyklary duýdurmagyň, olary öz wagtynda aradan aýyrmagyň möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we pugtalandyrmak; energetika, ulag, suw, azyk, maglumat we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek esasy şert bolup çykyş edýär.
Koronawirus pandemiýasyna garşy göreş hem-de onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça halkara tagallalary raýdaşlyk, ynsanperwer ýörelgelerde birleşmek şu ýylyň örän möhüm wezipesi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ählumumy gün tertibiniň bu we beýleki örän möhüm wezipeleri diňe düýpli şert — hoşniýetli erk-isleg, özara ynam, jogapkärçilik we öňdengörüjilik, birek-birege hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgesi berjaý edilende ýerine ýetirilip bilner.
Biz bu garaýyşlaryň many-mazmun bilen doldurylmalydygyna, ähli döwletleriň anyk tagallalaryny goşmalydygyna, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde olaryň bilelikdäki işi üçin dünýägaraýyş binýady hökmünde çykyş etmelidigine ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.
BMG-niň Tertipnamasyna esaslanýan ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň häzirki ulgamy 75 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özüniň durmuşa ukyplylygyny hem-de adamzadyň hakyky isleg-arzuwlaryna laýyk gelýändigini subut etdi.Elbetde, ol kämilleşdirilip, üsti ýetirilip hem-de hakyky ýagdaýlara we häzirki döwrüň ösüş meýillerine laýyklykda täze görnüşler we nusgalar bilen baýlaşdyrylyp bilner.
Emma ol hiç bir ýagdaýda hem şübhe astyna alnyp, has beteri-de, ony ýykmaga synanyşyklara sezewar edilip bilinmez. Şeýle hereketleriň netijeleri örän howply bolar, muňa biziň ählimiziň doly derejede göz ýetirýändigimize ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol sebäpli hem Türkmenistan hemişe BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan esasy halkara düzüm, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möçberlerine, ykdysady mümkinçiliklerine, dolandyryş usullaryna hem-de beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, islendik döwletiň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmegiň daýanç sütüni hem-de kepili bolup galmalydygy ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Bitarap ýurt hökmünde biziň ornumyz, dünýä hem-de onda eýeleýän ornumyza garaýşymyz ähli halklara, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluny saýlap almagyna, syýasy hem-de durmuş-ykdysady nusgasyna, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň mazmunyna hem-de ugruna hormat goýmak ýörelgesine daýanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şeýle garaýşa hyzmatdaşlarymyz ýokary baha berýärler, Türkmenistana dünýäniň onlarça ýurdy bilen dostlukly, özara deňhukukly gatnaşyklary durnukly hem-de yzygiderli ösdürmäge, olar bilen özara düşünişmegiň, netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamaga, halkara edaralaryň işine netijeli gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz şu maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny belläp, bu duşuşygyň ösüşiň we döredijiligiň maksatlaryna ýetmäge umumy tagallalar bilen ýardam bermek üçin birleşen pikirdeşleriň özara ynama esaslanýan söhbetdeşligine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan myhmanlary hemişe ak ýürek bilen garşylaýar hem-de biz şeýle görnüşdäki meseleleriň giň toplumyny öz içine alýan söhbetdeşligiň ýurdumyzda yzygiderli esasda geçirilmegini isleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin iň amatly syýasy we guramaçylyk şertlerini döredip, ähli zerur goldawy bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de maslahata gatnaşyjylara gyzykly we netijeli işlemegi arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi hem-de ruhubelentlik bilen kabul edildi.
Soňra maslahatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmidiň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
ÝHHG-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza, foruma gatnaşyjylara Wena şäherinden salam ýollap, hemmeleri täze Maslahat merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etdi.Munuň özi ýygjam hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, durnukly ösüşe goldaw berilmegine, parahatçylygyň saklanylmagyna we adam hukuklaryna hormat goýulmagyna gönükdirilen çözgütdir.
Dünýä jemgyýetçiligi üçin ählumumy wehimiň bar döwründe ähli tagallalaryň utgaşdyrylmagy we agzybirlikde hereket edilmegi aýratyn wajyp bolup durýar. Şunda üstünlik köp şertlere baglydyr. Ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikdäki iş bolan şahsy we toparlaýyn ygrarlylyk şol şertiň möhümleriniň biridir.
ÝHHG-niň ykrar edişi ýaly, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly ynanyşmagy berkitmek, çökgünligi kadalaşdyrmak we gapma-garşylyklaryň ýetiren zyýanyny dikeltmek ýaly wezipeleri howpsuzlyk meselelerine toplumlaýyn çemeleşmelere esaslanýan syýasy gepleşikler, özara gatnaşyklar üçin möhüm binýat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hanym Helga Şmid Türkmenistanyň goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen hyzmatdaşlygy, şeýle hem ÝHHG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygyny kanagatlanma bilen belledi.
Sebitleýin başlangyçlaryň artmagy goňşy ýurtlaryň syýasatyň köp ugurlary boýunça ýakynlaşmagyny şertlendirýär.Bu bolsa Merkezi Aziýa we tutuş sebit üçin has gülläp ösýän hem-de howpsuz geljegiň garaşýandygyna bolan ynamy pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň Hazar sebitindäki ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça edýän tagallalary munuň aýdyň subutnamasydyr. 2019-njy ýylda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy bu ugurda edilen wajyp ädimdir. Şol ýyl ÝHHG Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda durnukly gatnaşyklara goldaw bermek boýunça sebitara taslama badalga berdi. Şunda ulag düzümine, sanly maglumatlaryň alşylmagyna we ekologiýa taýdan arassa energiýanyň önümçiligine möhüm üns berildi.
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bu möhüm başlangyçlaryň esasy bölegi bolup durýar diýip, hanym Helga Şmid belledi.
Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça alnyp barylýar. Şunda ykdysady, ynsanperwer ugurlara, ekologiýa, hukuk ulgamyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýakynda Türkmenistan birnäçe wajyp içki özgertmeleri amala aşyrdy. Şol sanda iki palataly parlament ulgamyna geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG durmuş-ykdysady ösüş boýunça Milli maksatnamanyň we Gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna goldaw bermek maksady bilen, öz tejribesini hödürlemäge taýýardyr.
ÝHHG Türkmenistan bilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine, demokratik düzümleriň berkidilmegine we kanunçylygyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen gatnaşyklary dowam eder diýlip çykyşda bellenildi.
Hanym Helga Şmid çykyşynyň ahyrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dünýä jemgyýetçiliginde ruhy bitewüligiň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirip, bu möhüm meselelere goldaw berýändigi üçin biziň ýurdumyza hoşallyk bildirdi.
Soňra wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň çykyşy diňlenildi.
Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistany ygtybarly, parahatçylyk söýüji hyzmatdaş hökmünde ykrar etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu ýurduň hemişelik Bitaraplygy baradaky Kararnamany kabul etmegi munuň subutnamasydyr. Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan özüniň halkara hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarlydygyny, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak ýörelgelerini görkezýär.
Munuň özi onuň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy bolup durýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamany kabul etmegi oňyn Bitaraplyk syýasatynyň halkara jemgyýetçiligiň bähbitleri bilen utgaşýandygyny aýdyň etdi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Türkmenistanyň açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan oňyn Bitaraplygyna ýokary baha berýändigini nygtady.Türkmenistanyň we çuňňur hormat goýulýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň çäklerinde ýola goýulýan özara gatnaşyklara bolan täzeçil hem-de uly gyzyklanma bildirilýän çemeleşmeleri netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Bu bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gysga we uzak möhletleýin maksatlarynyň amala aşyrylmagyny şertlendirýär.
S.Lebedew 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň kabul edilendigini belläp, bu resminamanyň durmuşa geçirilmeginiň Arkalaşygyň ýurtlarynyň möhüm sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň berkidilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşylaýar. Ýurtda içerki durnuklylyk üpjün edildi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylýar, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibini amala aşyrmakda uly üstünlikler gazanyldy.
Pursatdan peýdalanyp, S.Lebedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny öňde boljak şanly sene bilen gutlady hem-de doganlyk Türkmenistana mundan beýläk-de abadançylyk, parahatçylyk gülläp ösüş arzuw etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowa maslahata gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmenistanlylary Halkara Maslahatlar merkeziniň açylmagy we şu mynasybetli geçirilýän möhüm forum bilen gutlady.
Hanym Olga Algaýerowa Türkmenistanyň 2012-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň başlygynyň orunbasary bolandygyny belledi we ýene iki ýyl şu wezipä dalaşgärlik edýändigini nygtap, ýurdumyzyň bu halkara gurama bilen özara gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.
Türkmen hyzmatdaşlarynyň biliminiň we öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işine möhüm goşant bolandygy we soňky birnäçe ýylyň dowamynda onuň anyk we ýokary netijelere ýetmegine ýardam edendigi bellenildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy (SPEKA) şolaryň biridir.BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen bilelikde oňa goldaw berýär.
Bu gün SPEKA Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Azerbaýjanyň we Owganystanyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak, sebitiň energetika baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, durnukly ulag, söwda, bilim, innowasiýa, gender deňligi ulgamlaryny hem-de ösüşe gözegçilik etmek üçin statistik mümkinçilikleri pugtalandyrmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk üçin netijeli binýat bolup durýar.
Şunuň ýaly hyzmatdaşlyk durnukly ösüş ulgamynda Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn zerurdyr diýip, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary belledi hem-de 2019-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçirilen SPEKA günleriniň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň möhümdigini nygtady.
Şunuň bilen birlikde, hanym Olga Algaýerowa Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk eden döwründe durnukly ösüş boýunça hökümetara topar tarapyndan işlenip taýýarlanylan Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin Maksatnamanyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Bu maksatnama suw serişdelerine elýeterliligi we olaryň durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmek, ýaşyl ykdysadyýet, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, garyndylary dolandyrmak we ekologiýa taýdan arassa ulag düzümini ösdürmek hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekoulgamy goramak hem-de dikeltmek ugurlarynda ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hanym Olga Algaýerowa hormatly Prezidentimiziň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselelerine möhüm üns berýändigini belläp, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň bu möhüm ugurda, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen bilelikde mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan goşandy ägirt uludyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary, şeýle hem 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ýylyň fewral aýynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy boýunça “Hazar deňzi sebitinde durnukly ulag we söwda gatnaşyklary” ady bilen örän wajyp çäre geçirildi.
Çykyşynyň ahyrynda hanym Olga Algaýerowa BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Türkmenistan we sebitiň ähli ýurtlary bilen durnukly ösüş ugry boýunça bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardygyny ýene bir ýola tassyklady.
Soňra BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebit üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ÝUNESKAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjahbananyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşy diňlenildi.
ÝUNESKAP-nyň Ýerine ýetiriji sekretary şunuň ýaly örän wajyp halkara maslahaty gurandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde we onuň çäklerinden daşarda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýaramaz täsir eden COVID-19 ýokanjy bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hem-de ýaramaz täsirini aradan aýyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň wajypdygy nygtaldy.
Parahatçylygy hem-de ynanyşmagy saklamak, aýratyn-da, jemgyýetçilik abadançylygyny we ählumumy raýdaşlygy berkitmek maksady bilen, COVID-19 ýokanjynyň durmuş-ykdysady ýagdaýa ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin hökümetleriň we köp sanly hyzmatdaşlaryň gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini talap edýär. Şol bir wagtyň özünde sebitleýin gurallary netijeli peýdalanyp, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeli. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň durnukly ösüşini we ygtybarly geljegini üpjün eder.
COVID-19 ýokanjynyň ýaramaz täsirini gyssagly aradan aýyrmak üçin ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmak, serhetüsti gatnaşyklary işjeňleşdirmek, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm ugurlardaky bilelikdäki işleri amala aşyrmak maksady bilen agzybirlikli hereketler zerur bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, hanym Armida Salsia Alisjahbana geçiş döwründe 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini ilerletmegiň möhüm şerti hökmünde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň bähbidine umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyna üns çekdi.
Şeýlelikde, ÝUNESKAP-nyň BMG-niň düzümleri we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde, Türkmenistan hem-de ähli agza döwletler we gyzyklanma bildirýän taraplar bilen şu günki ähmiýetli halkara maslahatynyň netijelerini durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de ýygjam hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklandy.
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň dabaraly mejlisini dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýganda söz berdi.Ol foruma gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de türkmen halkyny täze ajaýyp Maslahatlar merkeziniň açylmagy bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, bu wakalaryň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda bolup geçmeginiň çuň manysynyň bardygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak BMG-niň Tertipnamasynda hem-de ençeme onýyllyklaryň dowamynda kabul edilen beýleki resminamalarda berkidilen esasy ýörelgeleriň we maksatlaryň binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa häzirki döwrüň ähli wajyp meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meseleleri boýunça strategik hyzmatdaşlyga öwrüldi.
COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglylykda, häzirki wagtda dünýäde emele gelen ýagdaý babatda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek örän wajypdyr. Şu çylşyrymly döwürde olar pandemiýadan soň, çalt dikeltmäge hem-de howpsuz we sagdyn dünýäde hemmeler üçin iň gowy geljege aýdyň ýoly görkezýär diýip, hanym Kristina Weýgand aýtdy.
Durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.BMG-niň düzümleriniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky köpýyllyk gatnaşyklar hem şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar. Şu ýyl olar täze bäşýyllyk çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişdiler. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň, şol sanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Adam hukuklary ulgamynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýokary depginler bilen ösdürilýär.Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen berk bagly bolan bu ulgamda BMG-niň we Türkmenistanyň özara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar.
Birleşen Milletler Guramasynda parahatçylyk, parahatçylykly ýaşaşmak medeniýetini, öňüni alyş diplomatiýasyny hem-de syýasy gepleşikleri ilerletmekde Türkmenistanyň işjeň ornuna ýokary baha berilýär diýip, hanym Kristina Weýgand nygtady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly biziň köptaraplylyga, özara hormat goýmak, bähbitleri hem-de köpugurly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ykrar etmek ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklamaga mümkinçilik berýär.
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu maslahatyň guralandygy üçin hoşallyk bildirip, forumyň netijeleriniň tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine umumy maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň hem-de Milletler Bileleşiginiň arasyndaky üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Kristina Weýganda çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohine söz berdi.
Diplomatyň nygtaýşy ýaly, Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda ak mermerli paýtagtymyzyň täze bezegine öwrülen Maslahatlar merkezinde geçirilýän maslahatda çykyş etmek özi üçin uly hormatdyr. Bu wekilçilikli forum Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklara ygrarlydygynyň, onuň ählumumy gün tertibini kemala getirmäge işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde şeýle başlangyçlary ilerletmeginiň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak dünýäniň ähli halklary hem-de döwletleri üçin örän zerurdyr. Olaryň Türkmenistanyň daşary syýasy ugry üçin örän wajypdygy iş ýüzünde tassyklanyldy hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýär.
Ýurduň hemişelik Bitaraplygy örän güýçli we işjeň garaýyşdyr, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täsirli guralydyr diýip, jenap Aleksandr Blohin aýtdy.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolmak bilen, beýleki döwletleriň parahatçylykly gepleşikleri we özara gatnaşyklary üçin şertleri döretmäge ýardam edýär. 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplygyň orny hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi, Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi bu strategiýanyň hemmeler tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen kärdeşleriniň çagyrmagy boýunça bu topara Russiýa hem girdi.
Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyşynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýada köptaraplaýyn, şol sanda “Merkezi Aziýa 5+Russiýa” çäginde gatnaşyklara işjeň gatnaşýandygyny, ekologiýa meselelerini, şol sanda Aral deňziniň töweregindäki ýagdaý bilen bagly meseläni çözmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.
Russiýa tarapy Türkmenistanyň beýleki kenarýaka döwletler bilen bilelikde Hazar deňzini özleşdirmäge, şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan hukuk, ekologiýa we ykdysady meseleleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmelerine ýokary baha berýär.Hut Türkmenistanyň 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky jogapkärçiligi öz üstüne alandygy bellärliklidir.
Şunuň bilen birlikde, diplomat ýurdumyzyň Owganystanda düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şol taslamalar bolsa bu döwletiň ykdysady ösüşi we syýasy durnuklylygy üçin esaslary döredýär. Russiýa bu döredijilikli işe ýokary baha berýär.
Türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygy nygtaldy. Golaýda Moskwa bolan saparynyň barşynda wekilçilikli türkmen wekiliýeti tarapyndan geçirilen dürli derejedäki duşuşyklaryň onlarçasy döwletara gepleşikleriň gün tertibiniň örän giňdigine şaýatlyk edýär.
Täze koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy bilelikde göreşmek meselesi soňky ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda we tutuş dünýä diplomatiýasynda aýratyn orun eýeledi.Türkmenistanyň ylmy diplomatiýany ösdürmek babatda alan ugruna laýyklykda, iki ýurduň alymlarynyň arasynda işjeň tejribe alşylýar, bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny üpjün edýän resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Özara ynsanperwerlik ýüklerini ibermek amala aşyryldy.
Bularyň ählisi türkmen-russiýa gatnaşyklaryny häsiýetlendirýän dostlugyň we ynanyşmagyň aýdyň beýanydyr.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýär. Şu geçen döwrüň dowamynda ýurt doly özgerdi, halkara abraýa eýe boldy, dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýeledi. Türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary diňe bir ýurduň döwlet bähbitlerini beýan etmek bilen çäklenmän, olar sebitiň we dünýäniň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär.
Çykyşynyň ahyrynda jenap Aleksandr Blohin döwletliliginiň dördünji onýyllygyna gadam basýan, Türkmenistanyň döwrüň synagyndan geçen bu netijeli ugry üstünlikli dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz russiýaly diplomata forumda eden çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowa söz berdi.
Amerikaly diplomat döwlet Baştutanymyzy we maslahata gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, gapma-garşylyklaryň sebäplerini aradan aýyrmak hem-de döwrüň synagyndan geçmäge ukyply pugta parahatçylygy berkarar etmek üçin ýurtlaryň arasynda köprüleri gurmak boýunça netijeli işlemegiň zerurdygyny aýratyn belledi.
Ynanyşmak we yhlas bilen parahatçylyga ymtylmak giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Mettýu Stiwen Klimow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamanyň kabul edilmeginiň örän wajypdygyny nygtady.
Bu resminama, bir tarapdan, parahatçylygy we ynanyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, hyzmatdaşlygy we ösüşi baglanyşdyrýar.
Diplomatyň belleýşi ýaly, hakyky parahatçylygy birek-birege ynanmazdan gazanmak mümkin däldir. Gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagyna alyp barýan sebäpleri aradan aýyrmak üçin özara ynanyşmak ýagdaýyny yzygiderli pugtalandyrmak zerurdyr. Muňa ýurtlaryň arasyndaky jogapkärli we açyk gatnaşyklar, yzygiderli geçirilýän özara hormat goýmak ýagdaýyndaky gepleşikler, netijeli gatnaşyklara ymtylmak ýardam edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletler bilelikdäki tagallalar bilen ygtybarly parahatçylyk üçin şertleri döretmäge çalyşýarlar.BMG-niň çäginde Türkmenistan ynanyşmagyň esasy ugurlaryny kemala getirmäge işjeň gatnaşýar.Parahatçylyk we ynanyşmak pikiriniň many-mazmuny hem-de ähmiýeti örän täsindir. Çünki bu düşünjeler ýurduň oňyn Bitaraplygynyň däplerine berk ornaşdy. Şunuň bilen baglylykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň çäk bitewüligini hem-de garaşsyzlygyny goldaýandygy, 30 ýylyň dowamynda döwletara gatnaşyklary guramakda şu binýatlaýyn ýörelgeden ugur alýandygy nygtaldy.
Bu ýörelge bolsa ýurdumyzyň halkara gatnaşyklara yzygiderli çemeleşmesi bilen sazlaşykly utgaşýar. Şeýlelikde, döwletleriň ikisi hem ähli babatda ylalaşyk gazanmaga çalyşýar. Şeýle aç-açan pikir alyşmalar özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Taraplar bu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirerler.
Diplomat öz çykyşynda dünýäniň ähli ýurtlarynyň geljeginiň özara baglanyşygyny belledi. Munuň şeýledigini COVID-19 pandemiýasy hem görkezdi. Nygtalyşy ýaly, ynanyşmak ählumumy parahatçylygyň esasydyr. Parahatçylygy gazanmak biziň umumy maksadymyzdyr.
Jenap Mettýu Stiwen Klimow Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde 2021-nji ýylyň konsepsiýasynyň başyny başlamak bilen, bu iki sözi — parahatçylygy we ynanyşmagy diplomatiýanyň gymmatly serişdesine öwrendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin amerikaly diplomata minnetdarlyk bildirip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozda söz berdi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bu ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş etmek babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu forumyň wajypdygyny hem-de derwaýysdygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň örän wajypdygy nygtaldy.
Bu başlangyç Milletler Bileleşiginiň biragyzdan goldawyna mynasyp boldy.Türkmenistan bu teklibi öňe sürmek bilen, hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.Gatnaşyklaryň medeniýetini berkarar etmek we dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmak bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, eýýäm şu ýylyň ilkinji aýlary biziň ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ýylyň wezipelerini üstünlikli çözmekde örän işjeň hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändigini görkezdi.
Halkara we sebit guramalarynyň, halkara bileleşige agza döwletleriň hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň giň toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda we ysnyşykly hyzmatdaşlykda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda guralan köp sanly we dürli derejedäki çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, türkmen tarapy deňhukukly gatnaşyklary saklamak hem-de ählumumy ösüşiň wajyp meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli binýady hödürlemäge çalyşýar. Öz nobatynda, munuň özi diňe bir howpsuzlyk we durnukly ösüş meselelerini çözmäge däl, eýsem, dürli taraplaryň arasynda özara düşünişmegi we hormat goýmagy ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bu bolsa berk parahatçylygy gazanmagyň möhüm şertidir.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak babatdaky garaýyşlaryna ýokary baha berýär. Şeýle özara gatnaşyklaryň açyklyk, ynanyşmak, hemme taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýandygyny hem-de sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellemek gerek diýip, hanym Natalýa Drozd aýtdy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyna netijeli häsiýet mahsusdyr. Bu babatda hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ulag geçelgelerini ösdürmek we ykdysady gatnaşyklary berkitmek meseleleri boýunça taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär.
Merkez Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli geçirmäge saldamly goşant goşmaga çalyşmak bilen, Türkmenistanyň bu ulgamdaky tagallalaryny goldamagyň nyşany hökmünde birnäçe çäreleriň başyny başlady. Şolaryň hatarynda 16-njy martda geçirilen “Parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly sebitleýin Merkezi Aziýa forumy hem bar. Bu forum ýurduň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda hem-de ÝHHG-niň ýerine ýetiriji düzümleriniň goldamagynda guraldy.
Hanym Natalýa Drozd ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýdyp, onuň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň uzak möhletli netijelere eýe boljakdygyna hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze, möhüm netijeli başlangyçlarynyň başlanmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysyna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ruiz Alonso söz berdi.
Diplomat şeýle möhüm meselä bagyşlanan halkara maslahatda çykyş etmek babatda döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, parahatçylyk we ynanyşmak meseleleriniň Ýewropa Bileleşiginiň gün tertibinde durýandygyny belledi.Köpýyllyk taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jebisligi pugtalandyrmak, netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin esasy gymmatlyklara daýanmak zerurdyr.
Häzirki wagtda ýüze çykýan wehimleri ýekelikde ýeňip geçmek mümkin däldir. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin Ýewropa Bileleşigi hemişe islendik başlangyçlary, aýratyn hem parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmaga degişli başlangyçlary goldady we mundan beýläk-de goldar.
Bu wehimler, şol bir wagtyň özünde, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýän ählumumy möçberdäki wehimler bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, diplomat döwlet Baştutanymyzyň tutuş adamzady tolgundyrýan örän wajyp meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Diýego Ruiz Alonso çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň dabaraly mejlisine gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyna aýdylan hoşniýetli sözler, maslahatyň işine işjeň gatnaşandyklary, onuň barşynda edilen çuň manyly çykyşlar üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, şu gün köp sanly teklipleriň, peýdaly pikirleriň we bahalaryň beýan edilendigini belledi. Şol teklipler ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny mundan beýläk-de meýilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde göz öňünde tutular, zerur bolan halatynda bolsa, iş ýüzünde ulanylar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ara alyp maslahatlaşmalar däp bolan ýörelgelerde döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda öňe hereket etmegiň, uzak möhletli ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmäge hyzmat etjek, halklaryň hakyky bähbitlerine, isleg-arzuwlaryna gabat gelýän çözgütleri kabul etmegiň zerurdygyny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde iň wajyp wezipeleri çözmäge ukyplydygymyza ynam bildirdi. Hatda halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk ýagdaýyň, ählumumy ykdysadyýetde çylşyrymly ýagdaýlaryň şertlerinde hem dünýäde olary özara ynanyşmak, jogapkärçilik, birek-birege hormat goýmak arkaly ýeňip geçip boljakdygy baradaky ynam artýar. Şu duşuşyk hem bu düşünjeleriň berkarar bolmagyna ýardam etmelidir.
Türkmenistanyň Bitaraplygy bu işde möhüm orun eýeleýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biziň ýurdumyz netijeli daşary syýasy ugruny gyşarnyksyz durmuşa geçirmegini, parahatçylyk söýüjilikli maksatlarda diplomatiýanyň gurallaryny ulanmagyny, halkara meseleleriň kabul ederlikli çözgüdi üçin özüniň syýasy giňişligini teklip etmegini dowam eder. Biz ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem köptaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde olary ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
BMG-niň yglan eden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly munuň üçin goşmaça oňat mümkinçilikleri döredýär. Geçirilen maslahat, oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi ara alyp maslahatlaşmalaryň uly geljeginiň bardygyny we möhüm ähmiýete eýedigini görkezdi.
Biz forumyň netijelerine, edilen çykyşlaryň derejesine, maslahata gatnaşyjylaryň taýýarlygyna ýokary baha berýäris we gatnaşyklary, bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, hemmelere Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.Bularyň ählisi ählumumy gün tertibiniň iň wajyp meseleleri boýunça gepleşikleri ýola goýmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda seçilip alnan ýoluň dogrudygyna bizde goşmaça ynam döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we “Goý, bütin dünýäde parahatçylyk bolsun!” diýip sözüni jemledi.
Halkara maslahatyň dabaraly mejlisi ýapyk diýlip yglan edilýär. Mejlis tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we Maslahatlar merkezinden ugrady.
Soňra halkara resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Maslahatlar merkeziniň golaýynda ýerleşen Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz däp bolan toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär, şol ýerde şu dabara gatnaşyjylary çagalar döredijilik topary hem-de aýdym-saz topary dünýäniň ençeme dillerinde ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.
Kabul ediş merkezi jemi 26 müň 854 inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Merkeziň esasy zaly 1 müň orunlyk bolup, ol banketler, dabaralar zaly diýlip atlandyrylýar. Bu zal meşhur daşary ýurtly önüm öndürijileriň oňaýly we döwrebap mebelleri bilen üpjün edildi hem-de ajaýyp türkmen el halylary bilen bezeldi.
Mundan başga-da Kabul ediş merkezinde myhmanlary garşylamak üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Binanyň bezeginde binagärligiň özboluşly ýörelgeleri ulanyldy. Garderobly hol we beýleki zallar Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny beýan edýän nakgaş eserleri bilen bezeldi.
Täze Kabul ediş merkezinde foruma gatnaşyjylar üçin resmi kabul edişlik guraldy.Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalar bilen ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini iki gezek ykrar etmegi, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede giň goldawa mynasyp bolmagy ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokary galýandygyny aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Resmi kabul edişligiň barşynda sungat ussatlary hem çykyş etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
***
Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahat umumy mejlisler görnüşinde “Parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk”, “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ekologiýanyň ähmiýeti”, “Ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlyk” mowzuklary boýunça dowam etdirildi.
Foruma gatnaşyjylaryň arasynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki halkara guramalaryň wekilleri bar.Olaryň çykyşlarynda sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde Türkmenistanyň işjeň orny nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň öňe sürýän, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn başlangyçlaryň ähmiýeti we derwaýyslygy aýratyn bellenildi.
Halkara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen forumyň jemleri boýunça “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Onuň çäklerinde sebit we ählumumy derejedäki netijeli işleri ilerletmekde, umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy ugry amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň saldamly goşandy nygtaldy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26107?type=feed