Türkmenistan pagtaçylykda mejbury zähmeti bes etmäge çagyrylýar

Türkmenistan pagtaçylykda mejbury zähmeti bes etmäge çagyrylýar

Dünýäde pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän global gurama, “Pagta kampaniýasy” Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlaryna gabat Waşingtondan beýanat ýaýradyp, ýurtdaky mejbury zähmet problemasyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Emma Aşgabat ýurtda pagta senagatyny mundan aňryk hem ösdürmegi planlaşdyrýar.

“Pagta kampaniýasynyň” beýanatynda türkmen hökümetiniň Aşgabatda gymmat bahaly sport çäresine Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlaryna beýemçilik edýän wagtynda raýatlary pagta hasylyny ýygnamaga hem mejbur edilýändigi aýdylýar.

Dünýäniň 30 sany maýa ýatyryjy firmasyny, zähmet guramalaryny, dini toparlaryny we adam hukuklaryny goraýjy guramalary öz içine alýan koalisiýa geçen aý Aziýa oýunlaryna hemaýatkärlik edýän uly guramalaryň üçüsine Coco-Cola, Mastercard we LG guramalaryna Türkmenistanyň hökümetine bolan täsirlerini ulanmak, her ýylyň pagta ýygymynda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň bes edilmegi we aktiwist Kaspar Matalaýewiň azatlyga goýberilmegi baradaky hat bilen ýüzlendi.

“Türkmen hökümeti her ýylyň pagta ýygymynda temmi bermek, işden kowmak gorkusy astynda müňlerçe mugallymy we doktory pagta ýygmaga, para bermäge ýa-da ýerine işçi tutmaga mejbur edýär” diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň baş redaktory Ruslan Mätiýew aýdýar.

Türkmenistan geçen ýyl bugdaý boýunça döwlet planynyň dolunmandygyny boýun aldy we munuň üçin welaýat ýolbaşçylaryna käýinç berildi, käbir kadrlar çalşyldy. Şonuň bilen bir wagtda, ýurtda pagta planynyň hem ençeme ýyl bäri diňe kagyz ýüzünde doldurylýandygy barada resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar bar. Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýerleriň şorladylandygy, her gektardan alynýan hasylyň derejesiniň pesidigi hakynda köp gürrüň edýär, degişli ýolbaşçylary çalyşýar, käýinç berýär.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow ömrüniň soňky ýyllaryndan ýurtda gurlan egirme-dokma fabriklerine zerur möçberdäki pagtanyň hem öndürilmeýändigini boýun aldy. Ol munuň sebäbini ýeriň hakyky eýesiniň tapylmazlygy, kärende ýerleriniň daýhanlara däl-de, häkimleriň we başlyklaryň tanyşlaryna berilmegi bilen düşündirdi. Azatlygyň çeşmeleri bu ýagdaýyň heniz hem üýtgemändigini aýdýarlar.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende oba hojalygyndaky problemalary çözmegi wada beren hem bolsa, hakykatda bu pudakda özgerişlik az boldy we daýhanlar henizem sowet döwründäki ýaly ýokardan berlen plan esasynda, görkezilen wagtynda gowça ekmeli we ýokary hasyl almaly. Şol bir wagtda-da daýhanlar döwletiň önüm satyn alyş nyrhlarynyň üýtgewsiz galýandygyny, netijede ýaşlaryň gazanç gözläp alaçsyz şäherlere we daşary ýurtlara barha köp gidýändigini aýdýarlar.

Dünýäde nebit-gaz nyrhlarynyň bahasynyň kemelmegi bilen Türkmenistan pagtadan alýan girdejisine has kän garaşly bolýar we bu ugurdaky talaby hem güýçlendirýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Dokma senagatyny ösdürmek boýunça 2020-nji ýyla çenli bellenen planda bu senagata ýatyrylýan maýanyň 2 milliard dollar töweregi artdyryljakdygy aýdylýar. Bu serişde ozalky desgalary döwrebaplaşdyrmaga, täzelerini gurmaga harçlanmaly.

Türkmenistan öňki Sowet Soýuzynda pagta öndürýän alty respublikanyň arasynda Özbegistandan soň ikinji orunda durýardy. Häzir bu ýurt, pagta önümçiliginiň derejesiniň peselendigine garamazdan, Hytaý, Hindistan, ABŞ, Pakistan, Brazil, Özbegistan, Türkiýe we Awstraliýa ýaly uly ýurtlardan soň, esasy pagta öndürijileriň biri bolup durýar.

Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolanda, pagta monokulturasyndan el çekiler we türkmen topragy beýleki döwletleriň çig mal bazasy bolmakdan halas bolar diýip umyt edilipdi. Emma häzir türkmen pagtaçylary ýurtdaky 20 töweregi egirme-dokma fabrigi pagta bilen üpjün etmekden başga, çig mal hökmünde auksionda satylýan we dünýäniň ondan gowrak ýurduna iberilýän pagta hasylyny hem ýetişdirmeli bolýar.

“Pagta kampaniýasy” koalisiýasynyň agzalarynyň biri hökmünde Aziýa oýunlaryna howandarlyk edýän esasy guramalara ýazylan hata gol çekenleriň biri, Mercy inwestisiýa hyzmatlarynda paýdarlar geňeşiniň uly direktory bolup işleýän Pat Zerega “Bu oýunlaryň harajady, edil pagta hasylyny ýetişdirmek we ýygnamak ýüküniň düşüşi ýaly, ýönekeý adamlaryň gerdenine düşýär” diýýär.

“Türkmenistanda işleýän kompaniýalar zähmet we adam hukuklaryny gorap saklamakda has uly rol oýnamaly” diýip, Waşingtondan ýaýradylan beýanatda Zereganyň türkmen häkimiýetleriniň pagtaçylykda mejbury zähmetiň ulanylmagyny bes etmek barada edilýän çagyryşlara hiç wagt baş galdyrmaýandygyny aýdandygy hem habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

75-nji ýylynda NATO
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi
Türkiye Krym Tatarlarynyň we Kawkazyň Doganlyk Halklarynyň Gynanjyny Bölüşýär
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 'tozaýar'